Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklary ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň esasyny düzýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda dünýäniň ýüzden gowrak döwleti bilen işjeň söwda we eksport mümkinçilikleri diwersifikasiýa ýoly bilen alynyp barylýar. Mary welaýatynda Hindistan Respublikasynyň Ilçihanasynyň gurnamagynda bu ýurduň ştatlary bilen söwda gatnaşyklaryny ilerletmek maksady bilen geçirilen çäreler uly ähmiýete eýe boldy.Hindistan Respublikasy ýurdumyzyň iň möhüm söwda hyzmatdaşlyklarynyň biridir. Dostlukly ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar diňe bir ykdysady däl, eýsem taryhy we medeni köklere daýanan strategik hyzmatdaşlykdyr. Iki ýurduň arasyndaky dostluk “Beýik Ýüpek ýolunyň” döwürlerinden bäri dowam edip gelýär. Hindistan Respublikasynyň Ilçihanasynyň gurnamagynda bu ýurduň ştatlary bilen söwda gatnaşyklaryny ilerletmek maksady bilen Mary welaýatynda geçirilen çäreler hem giň gerimde alynyp baryldy. Mary şäheriniň “Ýüpek ýoly” söwda we dynç alyş merkeziniň “Belent kino teatrynda” Hindi film festiwaly geçirildi. Bu ýerde Hindi filmleriniň birnäçesi görkezilip festiwala gatnaşyjylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Filmlerde aýratyn-da maşgala mukaddesligi, ene-atanyň razylygyna almak, agzybirlik, wepalylyk ýaly temalar tomaşaçylaryň ünsüni çekip, filmlerdäki ýerine ýetirilen aýdymdyr-sazlar, tanslar ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Dabaraly çäre “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda Hindistan Respublikasynyň ştatlaryň tanyşdyrylyşy bilen dowam etdi. Bu ýerde çykyş edenler iki dostlukly ýurdyň hyzmatdaşlyklary, dostlukly gatnaşyklary dogrysynda çykyşlar etdiler. Dabarada Hindistan Respublikasynyň senagat pudagynda öňdebaryjy bäş ştatlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan wideo şekil görkezildi. Mary şäheriniň 4-nji sport mekdebinde hem ýoga maşklarynyň sapagy hem oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Hindistan – ýoganyň watanydyr. Ýoga müňlerçe ýyllyk taryhy bolan filosofiýa, medeniýet we ýaşaýyş ýörelgesidir.Ýoga diňe bir fiziki maşklar tolumy däl-de, eýsem bedeniň, ruhuň we akylyň sazlaşygyny üpjün edýär diýip çykyş edenler belläp geçdiler. Dabara gatnaşyjylar dost-doganlyk halklary bilen hyzmatdaşlygy, dostana gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda alynyp barylýan işler üçin Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Azat Beglanow.








