Bu nähili adam?
Edara jaýynyň öňündäki oturgyçda iki sany işdeş ýoldaş özara gürrüňleşip otyr. Şol barmana üç-dört sany işgär edara jaýyndan çykyp, oturanlara tarap ýönelýär. Oturanlaryň biri onuň-munuň gybatyny edip, adama göwni ýetmän ýörensoň, gelýänlere seredip:
— Ana, şu gelýänleriň biri gysganç, biri ulumsy, ol biri sözünde durmaýan, gyradan gelýän bolsa gybatkeş — diýip, ýoldaşyna gürrüň berýär.
Edil şol wagt edaranyň ýolbaşçysy görünýär. Ýoldaşy gybat edýäne:
— Bu nähili adam? — diýip soraýar.
Ýaňky kişi:
— Aý, dost, gel şu gürrüňi goýaly-la — diýip, bu ýerden gitmek bilen boluberipdir.
Ýerine düşen jogap
Hemra oglunyň eden telek işine gahary gelip:
— Haý, peläket diýsänim! Şeýle telek iş eder ýaly seniň akylyň nirede? Kellesiz, garagol — diýip käýinipdir.
Ogly kellesine elini ýetiripdir-de:
— Kaka, maňa «kellesiz” diýdiň welin, kelläm-ä ýerinde dur ekeni? — diýip, Hemrany güldürip goýberipdir.
Toplan
Hydyrguly GURBANOW.








