Ýene-de nähoşlajak
Bir kişi atdanlykda aýagyny agyrdyp, hassahana düşüpdir. Dost-ýarlarynyň, tanyş-bilişleriniň köpüsi onuň halyny sorapdyrlar.
Dostsuran bolup ýörenleriň biri onuň halyny soramaga hassahana-da, öýüne-de barmandyr. Günlerde bir gün dostundan habar almadyk ýaňky kişi aýagyny agyrdan dostuna tötänden duşup:
— Aý, dost! Gaty görmersiň-dä! Ýagdaýyňy soramaga baryp bilmedim — diýip, halymsyrapdyr.
Aýagyny agyrdan kişi:
— Zyýany ýok, dost! Men bilgeşleýinden ýykylyp, beýleki aýagymy agyrdaýaryn. Sen şonda baraýarsyň-da — diýip, dostsuraýan kişini geplemez ýaly edipdir.
Haklaşyk
Hemra dagy iki kişi bolup, kireýine ulag tutup, toýa gidýärler. Beýleki kişi örän gysganç bolansoň, köpbilmişlik edip, öňem birnäçe gezek ýol kireýiniň özüne düşýän bölegini Hemra töletdiripdir. «Bir gün haklaşaryn” diýip, ýören Hemra barmaly ýerlerine ýetiberenlerinde: «Mundan beýläk pyýada ýörejek” diýip, ulagdan düşýär-de, ulagyň eýesine:
— Inim, ýol puluny ýanyňdaky oturan tölejekdir — diýip, arkaýyn ýöräberipdir.
Toplan
Hydyrguly GURBANOW.








