Türkmen tebigatyny gözel görke besläp gelen Milli Bahar baýramynyň – Halkara Nowruz baýramynyň birinji güniniň belent tutumly toý dabaralary Mary welaýatynyň hem ähli künjeginde giň gerimde ýaýbaňlandy. Pasyllaryň soltany hasaplanýan bahar paslynda bellenilýän bu baýramçylygyň dabaraly çäresi welaýatyň bagtyýar raýatlarynyň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň işgärleriniň, ýaşuly nesliň wekilleriniň we mährem eneleriň toý ýörişi bilen başlandy.Halkymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelýän myhmansöýerlik we ajaýyp toý däplerini özünde jemleýän milli Bahar baýramynyň – Halkara Nowruz baýramynyň dabaraly çäreleri Mary welaýatyň etrapdyr şäherlerini toý şatlyklaryna besledi. Mary welaýat häkimliginiň, Demokratik we Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetleriniň, Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň, welaýat Baş Bilim, Saglygy goraýyş we Medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanaşyk ýerindäki giň meýdançada geçirilen baýramçylyk dabarasy hem egsilmejek şatlyk – şowhuna beslendi. Hatar gurlan ak öýleriň töweregi toý çykyşlary bilen gurşaldy. Owadan ýaz gülleri bilen bezelen sahnada welaýatyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleriniň zehinli çagalarynyň, birleşen tans toparlarynyň baýramçylyk çykyşlary bolsa ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwüren Mähriban Arkadagmyzyň ösüp gelýän ýaş nesiller barada edýän bimöçber aladalaryna bolan alkyş sözleri bolup ýaňlandy. Türkmen obasynyň hakyky keşbini janlandyrýan ak öýleriň öňünde Mary welaýatyň etrapdyr şäherlerinden gelen medeniýet işgärleriniň halk döredijilik we folklor çykyşlary giň gerimde ýaýbaňlandy. Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň gurnamagyda sportyň tanap çekmek, milli göreş görnüşleri boýunça-da ýaryşlar geçirlip, baýraklar goýuldy. Hatar gurylan we belentde bat alýan hiňňillikler bolsa bagtyýar döwrimiziň ýaşlarynyň toý şatlyklary bilen gurşaldy. Baýramçylyk gününde atarlan toý gazanlarynda semene we beýleki dürli tagamlar bişirlip, bereketli saçaklar giňden ýazylyp dabara gatnaşanlara hödür edildi. Halkymyzyň hoşniýetli myhmansöýerlik däplerinden ugur alnyp geçirlen bu baýramçylyk çäresiniň şowhuny giç agşama çenli dowam etdi. Tutymy uludan tutylan Milli Bahar baýramynyň dabarasyna gatnaşan adamlar bir-biregi baýramçylyk bilen mähirli gutlap halkymyzyň eşretli durmuşy barada uly aladalar edýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Ýokary ruhubelentlige beslenen şunyň ýaly baýramçylyk çäreleri welaýatyň beýleki ähli etrap şäherlerinde-de dabaraly bellenilip geçildi
Soňra “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki giň meýdançada Mary welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda welaýat derejesindäki baýramçylyk dabarasy geçirildi. Toý öwüşgininde bezelen giň meýdança tutuşlygyna welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň, teatr işgärleriniň, döwrebap tans toparlarynyň, bagşy – sazandalarynyň “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda giňden bellenilýän Milli Bahar-Halkara Nowruz baýramy mynasybetli taýýarlan aýdym – sazly çykyşlary bilen gurşaldy. Dabarada belent heňde ýerine ýetirlen çykyşlar güneşli ülkämize rysgal – bereketli Nowruzyň gelendiginiň buşlamak bilen bahar paslynyň sergin howasynda bagtyýarlyk döwrümiziň hoş owazlary bolup ýaňlandy. Baýramçylyk çykyşlarynda ýurdumyzy ynamly ösüşleriniň ýoly bilen öňe alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň il – ýurt, umumyadamzat bähbitli dünýä nusgalyk rowaç işleri, ajaýyp gözellikleri eçilýän bahar pasly, seleň ýaýlaly türkmen sährasy we bagtyýarlyk döwrimiz giňden wasp edildi.
Çarymuhammet Saparow, Parahat Gurbanow.








