Ýakynda welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda welaýatymyzyň dürli künjeginde zähmet çekýän kitaphanaçylaryň gatnaşmagynda “Halkara hyzmatdaşlykda täze ösüş” atly maslahat geçirildi. Welaýat kitaphanasynyň guramagynda geçirilen maslahat “Awaza” milli syýasatçylyk zolagynda geçirilýän halkara foruma bagyşlanyldy. Taryhy wakanyň seslenmesi bolan maslahat hemmeler üçin örän täsirli boldy.
Işjeň häsiýete eýe bolan maslahatda Murgap etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Ejebaý Atagarryýewa çykyş etdi we alyp bardy. Şeýle-de, onda welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary Jeren Saparlyýewa, Ogulgerek Şagylyjowa, Zylyha Ahmedowa, Mary etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Akgözel Serdarowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar her on ýyldan bir gezek geçirilýän forumyň ähmiýeti, döwletlere ýetirjek täsiri barada gyzykly gürrüň etdiler. Ol ýerde halkara forumyna gatnaşýan döwletleriň milli aýratynlyklaryny açyp görkezýän sergileriň gurnalandygyny içgin nygtadylar.
Akmaral SAMMYÝEWA.