Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher, Mary etrap komitetleriniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat, Mary etrap birleşmeleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen maslahaty “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahatynda kabul edilen çözgütleriň dünýä ýüzündäki ähmiýetini wagyz-nesihat etmäge bagyşlanyldy. Oňa Demokratik partiýanyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat Halk maslahatynyň agzalary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler gatnaşdylar.
Maslahatda edilen çykyşlarda dünýä ýüzünde ähliumumy durnukly ösüşi gazanmak ugrunda öňde durýan wezipeler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Wagyz-nesihat maslahatynda çykyş edenler dünýäniň halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny, halkara işjeňligini artdyrmak barada taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-halk, umumyadamzat bähbitli belent tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Sapardurdy ÝAÝLYÝEW.