Ýakynda TDP-niň, TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda “Parahatçylyk we ynanyşmak Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmagy” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa welaýatymyzyň ähli pudagynda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar. Täsirli geçen duşuşygy TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew alyp bardy.
Wagyz-nesihat duşuşygynda TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, TAP-nyň Mary şäher komitetiniň başlygy Mekan Annadurdyýew, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary Kakajan Täçgulyýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hünärmeni Uzukjemal Baýramowa çykyş etdiler. Çykyş edenler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dowam edýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde geçirilýän duşuşyklar, maslahatlar, medeni çäreler dogrusynda giňişleýin gürrüň edip, geljekde bu forumyň ähli ýurtlaryň ösüşine oňyn täsir etjekdigi barada nygtadylar. Şol sanda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda halkara gatnaşyklarynda işjeň hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulýandygy hakynda aýdyldy.
Gurbanjemal ILIÝEWA.