Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimizde demokratik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda wajyp syýasy-jemgyýetçilik waka taýýarlyk işjeň häsiýete eýe bolýar. Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlary jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm syýasy waka bolar.
Şu günler döwletimiziň syýasy partiýalaryndan, raýat toparlaryndan öňde durýan saýlawlara dalaşgärleri hödürlemek giňden ýaýbaňlandyrylýar. Öňde durýan saýlawlara dalaşgärleri hödürlemäge bagyşlanan mejlisler we ýygnaklar guramaçylykly geçirilýär. Dalaşgärleriň halkyň arasynda uly hormata eýe, zähmetsöýer adamlardygyny bellemek ýakymlydyr. Öňde boljak saýlawlara taýýarlyk işleri ýurdumyzda we türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň uly orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär.
Çary ÖWEZOW.








