2025-nji ýylyň 18-nji maýynda Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy. Şol güni türkmen halky Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi baýram edýär.
Dostlukly çäre hem-de Gruziýa tarapyndan Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän parahatçylyk döredijilik başlangyçlarynyň işjeň goldanylmagy doganlyk türkmen halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň we däp bolan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň nyşanydyr.