Gül suwundan ýasalan,
Mahy-taban senmidiň?
Derdime derman bolan,
Arzu-lukman senmidiň?
Gyzlaryň hüýri, gözel,
Hüýrleriň piri, gözel.
Özge ýary islemen,
Bolsam men diri, gözel.
Bulaklar akar gider,
Jerenler böker gider.
Ýar geçende uz basyp,
Gül ysyn döker gider.
Sensiz jigerim dagly,
Gözleri nur-çyragly.
Zorum ýok, gyz, zarym bar,
Gül ömrüm saňa bagly.
Täşli GURBANOW.








