Goýun halkymyzda eý görülýän, pederlerimiziň mähri siňen mallarynyň biridir. Munuň hakykatdan hem şeýledigine, onuň bilen baglanyşykly halk döredijiliginde öz mynasyp ornuny tapan pähimler bilen tanyşsaň has-da oňat göz ýetirýärsiň.
Goýunly baý — goýy baý.
Mesligi goýun göterer.
Gurt degmän, goýun gaçmaz.
Garry goýun ürkmez.
Möjekden gorkan goýun bakmaz.
Goýna gurtdan gardaş bolmaz.
Goýun ýatyp semrär, düýe — ýitip.
Goýunda — erek eti, guşda — barak eti.
Goýun urbasy on bolar.
Goýun ýüňi çoga bolmaz, düýe ýüňi — çyga.
Goýunsyzyň goly bolmaz.
Gurt bilen goýun guda bolmaz, guda bolsa-da goýun gülmez.
Goýun ýüze ýetýänçä, derisi müňe ýeter.
Toplan
Annamyrat BERDIMYRADOW.








