Ýalany elter, çyny örter. (Matal).
Uzyn ýolda öý ýörär. (Otly).
Bir dostum bar, öýkünjeň. (Aýna).
Agzy telki, garny salpy. (Halta).
Garny bar-da erni ýok. (Siňek).
Ýedi deşikli gyl ýumak. (Kelle).
Takyr ýerde taý yzy. (Göbek).
Barar-barar, oýmak deý orny galar. (Hasa).
Çat-çat eder, ýalmap gider. (Ot).
Ak öýüm bar: işigem ýok aýnasam. (Peşehana).
Çapsam çapylmaz, kessem kesilmez. (Saýa).
Hatarma-hatar, zynjyrma — hatar, gyşyna ýatar, ýazyna ýortar. (Jykyr).
Bir kiçijik özi bar, gatbar-gatbar dony bar. (Sogan).
Bir azajyk mawuja, degen ýeri awuja. (Köz).
Toplan
Annamyrat BERDIMYRADOW.








