Muzeý işgäri bolamsoň köpçülige baran ýerimde enelerimizden galan gadymy zatlar bar bolsa muzeýe alýandygymyzy, tabşyrylan zatlaryň muzeýde hemişelik durýandygyny aýdyp otyrdym. Şol wagt köpçüligiň içinden: “Gyzym, meni bir diňle!” diýip, Soltanjemal daýza maňa ýüzlendi:
— Kakam pahyryň maňa tikip beren gelin köwşi bar. Men şony gözümiň göreji ýaly görýän. Şony muzeýe tabşyrsam nähili bolarka? Tabşyrylsa gowy boljakdygyny, geljekde agtyk-çowluklaryň hem görüp biljekdigini aýtdym.
Aradan köp wagt geçmänkä, men Soltanjemal daýzadan gelin köwşi alyp gaýtdym. Ony muzeýimize kabul etdik hem-de bir görnüşli pasport düzüp, muzeýiň gaznasyna tabşyrdyk. Köwşüň gowy saklanandygyny aýdyp, geljekde sergilerimizde ulanmaga ýardam etjekdigini belledik. Gelin köwşi deriden bolup, onuň ähli ýeri elde tikilipdir. Sünnälenip tikilişini synlap, kakanyň öz perzendine bolan söýgüsiniň uly bolandygyna göz ýetirýärsiň. Soltanjemal daýzanyň sowgat berlen köwşi şu günlerimize çenli saklamagy onuň öz kakasyna bolan sylag-hormatynyň uludygyny subut edýär.
Ata-babalarymyz zenanlarymyzyň gözel bolmagy, olaryň hiç bir zatlarynyň kem bolmazlygy üçin elinde baryny edipdirler. Olaryň ellerinden çykan her bir zady alyp görsek, kemçiliksiz ýerine ýetirilendigine göz ýetirmek bolýar. Bu ajaýyp gymmatlyklar bolsa, ýaş nesillerimize geçmişimizi öwrenmäge uly gollanma bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamynyň görnükli şahalarynyň biri bolan muzeý işini ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Olar bolsa, taryhymyzy içgin öwrenmekde, milli gymmatlyklarymyza çuňňur söýgi döretmekde uly ähmiýete eýedir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklarymyzy aýawly saklap, olary geljekki nesillerimize ýetirmek üçin bimöçber aladalar edýärler. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.
Şeker MEREDOWA.