Golaýda TMÝG-niň şäher geňeşi welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde “Gadymy taryhym — hazyna-genjim” atly gezelenç gurnadylar. Oňa TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wekilleri gatnaşdylar.
Gezelenjiň dowamynda bagtyýar ýaşlar muzeýiň türkmen halkynyň baý taryhyna degişli bolan maddy we medeni gymmatlyklaryny janlandyrýan bölüme, arheologiýa hem-de tebigat bölümlerine gezelenç etdiler. Muzeýde ýerleşdirilen milli baýlyklar, gadymy el işleri, gadymy pullar, tebigatyň gözelligine gözellik goşýan öý we çöl haýwanlary, birnäçe guşlaryň sergisi gezelenje gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Muzeýiň işgäri Bägül Begliýewa bu ýerde saklanylýan gadymy tapyndylar, däp-dessurlarymyz, milli egin-eşiklerimiz we olaryň haýsy maksatlar bilen ulanylyşy barada gyzykly gürrüň berdi. Gadymy taryhymyzy aýap saklamagyň hem-de geljekki nesillere ýetirmegiň örän möhümdigini giňişleýin belledi. Milli mirasymyzy aýap saklamak, olary geljekki nesillerimize ýetimek maksady bilen döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini aýtdylar.
Mähri SAPAROWA.