Daşyndan göräýmäge gyňyr hem gazaply goja ýaly Garagum, bagryndan önen balalaryny bagryna basyp, göýä del gözlerden gabanýan ýaly gujagynda birtopar gadymy galalary saklap ýatyr. Bu galalara soňky ösdürimler “gum gizlän” diýse-de, garry gojalary gürletseň-ä, her galanyň bir depderlik rowaýaty bilen üýtgeşik-üýtgeşik atlaryny aýdyp berýärler...
Baryp-ha, Isgender Zulkarneýň zamanynda halal zähmeti bilen bereketli baýlyga ýeten bir adamyň on dört çagasyndan örňäp giden neberesi özbaşyna bir kowçum bolýar. Olary Ülkeriň azabyndan, Kiçi çilläniň gazabyndan, ýyrtyjylaryň azaryndan, pispygyllaryň nazaryndan goramak üçin gala zerurlygy ýüze çykýar. On ogluny yzyna tirkän azaballa kişi aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän takyr alalykda ýurt ýerini belläp, gurluşyga girişýär. Galanyň daşyndan gazylyp, gum alnan ýere suw goýberilip seňňer ýasalýar.
Bir gün saba säher wagty garawul galanyň diňine çykyp, töwerege nazar aýlan goja kişiniň gözi takyrda ýasalan kakyň gyrasynda, bir garry gurt bilen “kowalaşdym” oýnaýan bölejik keýiklere düşýär. Ýadap süllümbaýy çykan garry gurt ahyry it oturşyny edip çommalýar-da, gapdal-gapdal böküşýän akja keýiklere ahmyrly nazar aýlap, agzyny asmana tutup uwlap, möjek seňkildisi bilen alaňlaryň arasyna siňip gidýär.
Gurdy gündiz uwlap, akja keýikleriň aman galanyny gören gumly serdar bu ahwalaty ýagşylyga ýorýar. Ol mydama takyrjak ýere ýitije gezligiň ujy bilen şekil çekip oýnaýan jahyl çykan agtygyna, galanyň girelgesiniň her gapdalyna bir sany gursagyny gaýşardyp duran akja keýigiň suratyny çekdirýär. Ojar küli, hek garyndysy bilen reňklenen keýik şekilleri uzaklardan garasaňam diri ýaly bolup, gözüňe ilip dur diýýär. Soňlugy bilen Hydyr gören akja keýikleri tumar edinen galalylar çagalarynam “akjam” diýip söýgüläp başlaýarlar. Gözlegi — rahatlyk, küýsegi — parahatlyk, arzuwy — asudalyk türkmen aganyň bu galasy goňşy galalarda,uzak ülkelerde Akjaly gala — Akjagala ady bilen tanalyberýär...
... Döwlet tarapyndan goralyp, adamlar tarapyndan arzylanýan bu gadymy gala Garagum etrabynyň çäginde, Abaýtöşdür Gutly, Gençgurandyr Çaňly, Tomalandyr Munan galalar kimin geçeniň ünsüni özüne çekip otyr.
Döwletmyrat Jumadurdyýew.








