Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň peder kesbine eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda çagalar bagynda terbiýelenilýän körpejelerimiziň zehinli ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda yzygiderli alada edilýär.
Golaýda welaýat kitaphanasynyň hyzmat ediş bölüminiň guramagynda Mary şäherindäki çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň, körpejeleriniň gatnaşmagynda “Erteki hakykata öwrülýär” ady bilen çeper okaýyş geçirildi. Çeper okaýyşda körpejelere türkmen halk ertekileri bolan “Ejekejan”, “Öwez”, “Mämmetjan”, “Üç çopan” we çagalara niýetlenen goşguly kitaplar çeper, labyzly okaldy. Şeýle-de, körpejeler bilen “Kim bilmeşek” atly oýun guralyp, ertekilerden sowal-jogap alşyldy.
Ertekileri uly höwes bilen diňläp, çeper okaýşa, sowal-jogap alyşmaga işjeň gatnaşan körpejelerimiz wagtlaryny örän hoş geçirdiler.
Aýsoltan PIRIÝEWA.








