Golaýda ýokardaky at bilen Oguzhan etrabynyň Oguzhan şäherçesindäki çagalar sungat mekdebinde aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu çäräniň maksady ýaşlarda aýdym-saz sungatyna höwes-söýgi döretmekden ybarat bolup, ony TDP-niň etrap komiteti TMÝG-niň etrap geňeşi, TKA-nyň etrap birleşmesi, çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde gurady. Oňa ýokarda atlary agzalan guramalaryň işgärleri, çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.
Dabarada çagalar sungat mekdebiniň müdiri Arslan Ataýew çykyş edip, mekdepde çagalara aýdym-saz öwredip, olarda bu sungata höwes-söýgi döretmekde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Soňra TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Rahmanberdi Mämmiýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Ogulbagt Kakajanowa çykyş etdiler. Olar ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän alada, ýaşlarda aýdym-saza söýgi döretmekde durmuşa geçirilýän işler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler.
Gülüstan NURYÝEWA.








