Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolşy ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.
Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri BMG-niň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Şonuň ýaly-da, bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi we 12-nji dekabr BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi. Üstümizdäki — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatyna eýerýänligini ýene bir gezek subut etdi.
Ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyzlyk eýýamynyň gelmegi halkymyzyň başyny göge ýetirdi, Bitaraplyk bolsa, köňül arzuwyny gülletdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ylalaşygyň, parahatçylygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Türkmenistan döwletimiz beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynanyşmak, özara ýardam bermek esasynda gatnaşyklaryny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hemişelik Bitaraplyk baýramyna barýan şu ajaýyp günlerinde ýurdumyzyň ähli ulgamynda ýetilýän belent sepgitler buýsanjyňy goşalandyrýar. Garaşsyzlygymyza eýe bolalymyz bäri diňe beýik işleri bilen dabaralanyp gelýän ýurdumyzda bu gün halkymyz bir maksada, ýagny, agzybirlik maksadyna gulluk edýär. Agzybirlik bolsa bizi ajaýyp üstünliklere, ösüşlere, abraý-mertebä ýetirýär. Döwletlilik agzybirlikden başlanýar. Agzybirligiň bar ýerinde ýetilmejek menzil ýokdur. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşip, parahat ýurdumyzda toý toýlamak iň uly bagt. Goý, halkymyzy bir saçaga jem eden, ähli ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, bähbitli işleri rowaç alsyn!
Şemşat SAÝLYÝEWA.