Şan-şöhraty dünýä ýaň salýan, baý taryhy bolan Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzyň her güni täze-täze ösüşlere eýe bolýar. Bu bolsa ýurdumyzda ylym-bilimiň çuň derejede ösdürilip, ýokary tejribeler bilen durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýakynda halkymyzyň şöhratly taryhyny giňden wagyz etmek, ata-babalarymyzdan gelýän nusgalyk gymmatlyklary geljek nesillere ýetirmek boýunça ýurdumyzyň muzeýlerinde alnyp barylýan işleri döwrebap guramak we kämilleşdirmek maksady bilen muzeýimiziň kiçi ylmy geňeş zalynda okuw-maslahat geçirildi. Oňa muzeýiň ylmy işgärleri we Amerikadan gelen professor alymlar gatnaşdylar.
Bu okuw-maslahaty muzeýiň direktorynyň w.w.ýe.ýe. Döwlet Baýramow açdy hem-de myhmanlara maslahata gatnaşýandyklary üçin aýratyn sagbolsun aýtdy. Maslahatda amerikaly professor Waýs Daniel muzeýiň ekspozisiýalaryna aýlanyp, ylmy işgärleriň beren täsirli gürrüňini diňledi we olara minnetdarlyk bildirdi. Myhman Amerikada ýerleşýän Virgina uniwersitetinde, ýagny, muzeý ulgamynda alyp barýan hem-de ýokary derejeli tehnologiki serişdeler (gurallar) bilen ýerine ýetiren işleri barada muzeýiň ylmy işgärlerine giňişleýin gürrüň berdi.
Professor sanly tehnologiýanyň muzeý ulgamynda näme üçin zerurdygyny hem-de onuň gymmatlyklary gorap saklamakda we olary halka ýetirmekde mümkinçiliginiň aýratynlygyny nygtap, sanlylaşdyrmak hakynda gyzykly maglumatlary berdi. Has irki döwre degişli käbir gymmatly kitaplaryň okardan has könelendigi we ýitip ýok bolmaga ýakyndygy sebäpli, olar sanlylaşdyrylsa hem-de dürli halklaryň dillerine terjime edilip, internet toruna goýulsa, taryhy kitaplary dünýädäki gyzyklanýan adamlaryň okap biljekdigini, şeýlelik bilen, sanly ulgamyň Türkmenistanyň taryhynyň dünýä ýaýylmagyna ýardam berjekdigini belledi. Mundan başga-da, professor agzalan meseleler boýunça muzeýiň ylmy işgärleri bilen sowal-jogap alyşdy.
Hakykatdan-da, muzeý işiniň esasy bölegi muzeý gymmatlyklaryny gorap saklamak bolup, sanly ulgam gymmatlyklary 2 we 3 ölçege geçirmekde uly ähmiýete eýedir.
Maslahatyň dowamynda maliýeleşdirmegiň hem muzeý ulgamynyň iş prosesiniň bir görnüşi bolýandygy barada durlup geçildi. Muzeýiň ykdysadyýetinde işler dogry alnyp barylsa, ýokary derejede girdeji getirýändigi muzeý hünärmenleriniň ählisine düşnükli bolsa gerek.
Ýurdumyzyň şeýle ýokary derejede ösýän döwründe milli taryhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak muzeý ulgamynyň paýyna düşýär. Dürli ýurtlardan gelýän professorlaryň we alymlaryň geçirýän şeýle okuw-maslahatlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu okuw-maslahat halypalarymyzda we kärdeşlerimizde örän uly täsir galdyrdy.
Bägül BEGLIÝEWA.








