Ýaş nesiller hakynda alada
Milli Liderimiz Gaharyman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesiller hakyndaky aladalar, taýsyz tagallalar täze öwüşgüne eýe bolup, bu günleriň şanly taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýörüteleşdirilen “Kids EXPO : ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi – ýarmarkasynyň gurnalmagy bagtyýar çagalaryň nurana geljegi üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Bu günki günde Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ýaş nesilleriň bagly durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.
Watanymyzyň nurana geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, döwrebap bilim almagy, öz wagtlaryny manyly we şadyýan geçirmegi baradaky aladalar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirlýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda amala aşyrylýan belent maksatly işler hem çagalaryň röwşen geljegine gönükdirilendir. Mary welaýatynyň döwrebap seýilgähleri, medeni we söwda dynç alyş merkezleri bagtyýar çagalara, raýatlara öz gapysyny giňden açýar. Sergin howasy, tebigatynyň gözelligi, özboluşly binagärlik keşbi bilen ünsüňi çekýän medeni dynç alyş merkezlerine ata-eneler öz çagalary bilen yzygiderli gelip, öz wagtlaryny gyzykly we täsirli geçirýärler. Milli binagärlik däplerine laýyk gurlan seýilgähler, dynç alyş merkezleri döwrebap şertleri, dynç almaga oňaýlylygy, rahatlygy bilen hemmelere soňsuz şatlyk paýlaýar. Tomsuň tämiz we hoştap howaly günlerinde bu ýerde sapaly dynç alýan ene-atalar çagalaryň hezil edip dynç alyşlaryna uly höwes bilen syn edýärler. Dürli görnüşli oýnawaçlar ýerleşdirilen bu meýdançada körpeje çagalar özleri üçin niýetlen ýörite otlujykda gezelenç edip, attraksionlarynda dürli oýunlary oýnap, hiňňillikde uçup göwünlerini joşdurýarlar. Çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdunda bagtyýar körpeler mähir we söýgi, çäksiz alada bilen gurşalýar. Şeýle alada Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda has-da belent derejelere göterilýär. Bagtyýar döwrümizde sagdyn durmuşy kemala getirmek, ruhubelent, berk bedenli ýaş nesilleri terbiýelemek ugrunda alnyp barylýan işler, durmuşa geçirilýän özgetmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli ýörelgeleriniň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň netijesidir. Mary welaýatynyň dürli künjeklerinde hereket edýän dynç alyş merkezlerinde, oýnawaçlar dünýäsinde ýurdumyzyň gül – gunçalary bolan bagtyýar çagalaryň medeniýetli we sapaly dynç almaklary, gyzykly oýunlar bilen wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş we hoşallyk sözlerini beýan edýäler. Çaga dünýäsine mahsus täsinlikleri, gözellikleri özünde jemleýän bu döwrebap dynç alyş merkezlerinde bagtyýar nesilleriň her bir pursady aýratyn many-mazmunlylygy, täsirliligi bilen ýatda galýar. Tomusky dynç alyş möwsüminiň tamamlanyp barýan günlerini ýakymly ýatlamalara besleýän çagalaryň her biriniň ýüzünde şatlyk we ruhybelentlik alamatlary aýdyň duýulýar. Çagalaryň ýüzlerindäki şatlyk, ene-atalaryň buýsançly sözleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň häzirki we ertirki gününe bolan ynamyň ajaýyp mysalydyr. Asudalygyň we bagtyýarlygyň höküm sürýän ýurdunda halkymyzyň abadan we bagtly durmuşy üçin dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirip, Watanymyzyň daýanjy we söýenji bolan ýaş nesilleriň dünýä ülňilerine laýyk bilim almagy, ylym öwrenmegi, hünär edinmegi, edep-terbiýeli, Watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuwlaýarlar. Kakageldi Güllekow.