Ýakynda şeýle at bilen Türkmengala etrap häkimliginiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygy boldy. Etrap häkimligi, etrap zenanlar bölümi tarapyndan guralan bu duşuşyk ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna, şeýle hem sentýabr aýynda ýokary guramaçylykly geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň şanly toýuna bagyşlanyldy. Oňa ýokarda ady agzalan edaralaryň işgärleri, etrap zenanlar bölüminiň işjeň agzalary we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa taryhy wakalaryň ähmiýeti barada giňişleýin çykyş etdi we çäräni alyp bardy. Soňra etrabyň ýaşaýjysy mährem ene Aýsoltan Hudaýberdiýewanyň, etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Jennet Jumaýewanyň we etrapdaky 7-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz mugallymy Sona Gurdowanyň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda dünýä ýaň salan halkara forumynyň we her ýylda ýokary derejede geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti we Garaşsyzlyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda buýsançly gürrüň edildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar her bir günümizi taryhy wakalara besleýän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Bahargül MEJIDOWA.