Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Murgap etrap medeniýet bölümi bilen etrabyň Zenanlar guramasynyň geçiren bäsleşigi hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Medeniýet işgärleriniň sungata bolan höweslerini artdyrmak, olaryň döredijilik älemindäki ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen etrabyň oba medeniýet öňleriniň arasynda geçirilen bu bäsleşikde birnäçe şertler boýunça çykyşlar ýerine ýetirildi.
Bäsleşigiň dowamynda uly joşgun bilen ýerine ýetirilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler, Hormatly Prezidentimiziň türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmakda alyp barýan beýik işleri, ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa hem-de ajaýyp zamanamyzyň şanly wakalary belent heňlerde wasp edildi. Döwrebap çykyşlaryň her biri halkymyza baky bagtyýarlygy bagyş eden türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz-Arkadagly Gahryman Serdarymyza sungat ussatlarynyň ýürek alkyşlary bolup ýaňlandy. Türkmen zenanlarynyň on barmaklaryndan döreýän ajaýyp el işlerinden gurnalan sergi hem bu günki bäsleşige aýratyn millilik ruhuny çaýdy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Murgap etrap Zenanlar bölüminiň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Merjen ÇARYÝAROWA.








