Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Mary welaýat we Wekilbazar etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat we Wekilbazar etrap birleşmeleriniň bilelikde gurnamaklarynda dokmaçylaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Wekilbazar etrabynyň medeniýet öýünde geçirilen bu bäsleşige welaýatyň dokma pudagynda zähmet çekýän zenanlary gatnaşyp, olar bu ýerde özleriniň erkana Watanymyza, parahat durmuşymyza we saýlap alan hünärlerine bolan ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen joşgunly wasp etdiler hem-de halkymyza eşretli zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Dokma işgärleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz zähmet çekýän dokma we tikinçilik kärhanalarynda alnyp barylýan işler we ol ýerde öndürilýän önümleriň ýokary hilliligini taryplaýan goşgy setirleri hem tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Bäsleşige gatnaşanlaryň Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän "Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabyndan täsirli jümleleri aýdyp bermeklerem bu günki bäsleşigiň iň bir ýatda galyjy pursatlarynyň birine öwrüldi. Ýeňijilere Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Merjen Çaryýarowa.








