Gadym wagtlarda Sem atly baý, açgöz adam bar eken. Ol elmydama has köp altyn isläpdir. Sem hiç haçan elindäki baýlyklary bilen kanagatlanmandyr we baýlygyny başgalar bilen paýlaşmak islemändir. Hatda ol baý adam elinde işleýän işgärlere hem örän az iş haky beripdir.
Emma ol bir gün durmuşynda ýatdan çykmajak sapak edinýär.
Günleriň birinde Sem torbasyny ýitirýär. Bu torbanyň içinde bolsa elli sany altyn teňňe bar eken. Sem muňa örän gynanýar. Her näçe gözlese-de, torbasyny tapmaýar. Semiň dostlary, goňşulary hem torbanyň gözlegine çykýar, emma olaryň hiçisi-de ony tapyp bilmeýär.
Birnäçe günden soň, Semiň elinde işleýän bir işgäriň on ýaşly gyzjagazy torbany tapýar. Gyzjagaz bu zatlary derrew kakasyna aýdýar. Gyzyň kakasy bu torbanyň hojaýynyňkydygyny bilip, ony Seme gowşurýar.
Işgär hojaýynyna torbany gowşurýar we içindäki ähli elli altynyň bardygyny aýdýar. Sem torbany tapanyna begenýär. Emma ol mekirlik edip işgäriniň üstüne gygyrýar. «Torbanyň içinde ýetmiş bäş sany altyn bolmaly! Bärde bary-ýogy elli sanysy bar! Meniň galan altynlarymy ogurladyň» diýip, işgärine töhmet atýar.
Sem we işgäriniň gyzy bu zatlaryň hemmesini kaza aýdyp berýärler. Kazy iki tarapy hem doly diňleýär. Emma Sem kezzaplyk edip, olara töhmet atýar.
«Torbanyň içinde hakykatdan hem ýetmiş bäş sany altyn bolmalymy?» diýip, kazy sorag berýär.
Ol ýene-de hilegärlik bilen «Hawa» diýip jogap berýär.
Kazy şeýle karara gelýär: «Semiň ýitiren torbasynda jemi ýetmiş bäş sany altyn bolmaly. Emma bu gyzjagazyň tapan torbasynda jemi elli sany altyn bar. Diýmek, bu torba Semiň däl-de, başga bir adamyň torbasy bolmaly. Haçan-da, biri ýetmiş bäş sany altyn tapyp getiren ýagdaýynda men size habar bererin, jenap Sem! Bu ýiten elli sany altynyň eýesiniň tapylmadygyna göra, bulary men size sowgat görnüşinde gowşurýaryn. Çünki siz dogruçyllyga, halallyga eýerip, bu ýiten torbanyň eýesiniň gözlegine çykdyňyz. Diýmek, bu elli sany altyn gyzjagazyňkydyr».
Şeýlelik bilen Sem eden etmişi üçin elindäki elli altynyny hem ýitirdi.
Ýatdan çykarmaň, eziz körpeler, dogruçyllyk elmydama ýeňiş gazanar!
Terjime eden Arzygül ATJANOWA.