Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça asylly däbi dowam etdirmek bilen bu ýyly hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, maslahat-duşuşyklary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde yzygiderli geçirilýär. Şeýle dabaraly maslahatlaryň biri hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hem-de Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň gurnamagynda “Ösüşlere beslenýän bedew batly at-myratly Watanym” ady bilen geçirildi. Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda her gelýän ajaýyp ýyllary döwrebap atlandyrmak däbine eýerip 2026-njy ýyly hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmuny dogrusynda ajaýyp çykyşlar diňlenildi. Soňra Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň estrada aýdymçylarynyň göwün joşduryjy aýdym-sazlaryny, çykyşlaryny diňlän dabara gatnaşyjylar eziz türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Dursun Ilbegiýewa.








