Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Baýramaly şäher geňeşleriniň we Mary welaýat Maliýe – ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamaklarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. ,,Eziz diýarymyz ösüşlere beslenýär” diýip atlandyrylan bu maslahata Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ösüşleri, Döwletimiziň Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti, Baky Bitarap ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler dogrusyndaky gürrüňler bu dabaraly maslahatyň esasyny düzdi. Dabaraly maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Dabarada sungata höwesjeň talyp ýaşlar hoş owazly çykyşlaryny uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Olar ýerine ýetiren çykyşlarynda Garaşsyz hem Baky Bitarap Watanymyza, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan rowaç işlerine bolan çäksiz buýsançlaryny belent joşgun bilen beýan etdiler.
Toýmyrat GURBANOW.








