Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirlen Türkmenistanyň Halk maslahatynda kabul edilen taryhy kararlar, çözgütler mynasybetli Ýolöten etrabynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Ýolöten etrap häkimliginiň, Ýolöten etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda geçirilen dabara Ýolöten etrap häkimliginiň, Ýolöten etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet bölüminde zähmet çekýän ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Ýolöten etrabynyň Momataý geňeşligindäki Talhatanbaba oba medeniýet öýünde geçirilen bu dabaraly maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe geçirlen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen kararlaryň türkmen halky üçin ähmiýeti dogrusynda buýsanç bilen aýratyn belläp geçdiler. Soňra bu ýerde etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ösüşlere beslenýän ata-Watanymyzy, Hormatly Prezidentimiziň rowaç işlerini hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandy.
Maýa ANNADURDYÝEWA.








