Mary welaýatynyň häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hem–de Türkmenistanyň Ylym we bilim Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary etrabyndaky ilkinji guramasynyň başlyklarynyň Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň ähmiýeti barada “Türkmenistan halkara gatnaşyklaryň mekany” atly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahata Ylym we bilim ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlygynda ýeten derejesi, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara forumynda kabul ediljek “Awaza” maksatnamasynyň ähmiýeti, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasaty, Ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde edýän bimöçber aladalary barada giňişleýin gürrüňler edildi.
Dabaranyň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary hem örän täsirli boldy. Ýerine ýetirilen aýdymdyr-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, asuda hem abadan ýurdymyzyň, Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrynda alyp barýan beýik işleriniň waspy öz beýanyny tapdy.
Maslahata gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar, parahat durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Ülker ORAZGELDIÝEWA.