Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy öz işine başlady. Ony Türkmenistanyň Mejlisi we BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýeti Parlamentara Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda gurady. Foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň döwlet düzümleriniň hem-de parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşýarlar.
Parlament forumy «Ugry kesgitlemek: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» ady bilen geçirilýär. Ol «Wenadan Awaza: çözülmedik meseleler, toplanan tejribeler we täze mümkinçilikler», «Deňze çykalgasy bolmadyk ähli ösüp barýan ýurtlara ýaýraýan köptaraplaýyn söwda ulgamyny kemala getirmek we pugtalandyrmak», «Parahatçylygy, ynanyşmagy we hasabatly dolandyryşy döretmek: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda durnukly ösüşe ýardam edýän şertler», «Parlament wekilleriniň ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen, hereketleriň meýilnamasy boýunça gyzyklanma bildirýän taraplaryň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy» ýaly 4 ugur boýunça mowzuklaýyn mejlislerde öz işini dowam eder.
Forumyň netijeleri BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri bilen utgaşyklylykda halkara derejedäki syýasy resminama hökmünde kabul ediljek 2024 — 2034-nji ýyllar üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasynda öz beýanyny tapar.
«Türkmenistan» gazeti.