Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Mary welaýatynda hem aýdym-sazly dabaralar, duşuşyklar geçirilýär. Mary welaýat Maliýe – ykdysady orta hünär okuw mekdebinde hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp dabaraly duşuşyk giçirilip, oňa talyp ýaşlar we mugallymlar gatnaşdylar. „Bitaraplyk – milli buýsanjymyz„ atly dabaraly duşuşykda Berkarar döwletimizde ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Dabarada çykyş edenler halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen duşuşygyň dowamynda talyp ýaşlaryň Hemişelik Bitaraplygymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy gülletmekde alyp barýan rowaç işlerini we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edip ýerine ýetirilen aýdymlar tomaşaçylaryň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.
Toýmyrat Gurbanow .








