Ýolöten etrap häkimliginiň, TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda şäher medeniýet öýünde maslahat geçirildi. “Diýar bedew batly ösüş ýolunda” ady bilen geçirilen maslahata etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrap halk maslahatynyň agzalary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar.
Bu maslahatda TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri, behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygy, çalasynlygy dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.
Maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.
Akmuhammet AGAJUMAÝEW.








