“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Berkarar Watanymyzyň Halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleriniň gazanýan üstünliklerini we ýeňişlerini ýaşlar köpçüligine wagyz etmek maksady bilen Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň bilelikde gurnamaklarynda “Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan” ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Mary welaýat myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen bu maslahat duşuşygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher we etrap geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalary, sport türgenleri we bagtyýar talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahat duşuşygynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen sportyny gülledip ösdürmekde ägirt uly işleri barada giňişleýin bellediler. Maslahat duşuşygyna gatnaşanlar döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini aýtdylar.
Dursun Ilbegiýewa.








