Toýlary toýlara ulaşýan eziz diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda asuda, abadan durmuşymyzyň her bir güni uly üstünliklere, toý baýramlara beslenýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem toý-baýramlara, ösüşlere baý ýyl bolmak bilen bu ýyly üstünlikli jemläp, täze 2026-njy ýyly ýagşy arzuw, umytlar bilen garşylaýan ýurdumyzyň ähli ýerleri bilen bir hatarda Mary welaýatymyzda-da giň gerime eýe bolýar. Şeýle şatlyk-şowhuna beslenen ajaýyp baýramçylyk dabaralarynyň biri-de Mary welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Mary welaýat Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara sport tälimçileri, türgenleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Dabarada aýdymdyr-sazlar we türgenleriň sportuň dürli görnüşi boýunça görkezen çykyşlary tomaşaçylaryň baýramçylyk şowhunyny artdyrdy. Ýaňlanan belent heňli aýdymlarda asuda, abadan durmuşumyz, ösüşleriň ak ýolunda öňe barýan asuda ýurdumyz, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda ýola goýýan belent işleri, täze ýyl baýramy uly joşgun bilen wasp edildi. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň asuda durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işleri edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşly sözlerini beýan etdiler.
Maýa Annameredowa.








