Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de halkymyzyň köp asyrlyk medeni mirasynyň iri görnükli nusgasy bolan türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlap, çeper elli zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden “Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz” atly bäsleşiginiň saýlama tapgyrlary Mary welaýatynyň dürli künjeklerinde hem uly dabara bilen geçirilýär.
Ýolöten etrap zenanlar bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň gurnamagynda bäsleşigiň Ýolöten etrap tapgyry geçirildi. Etrabyň döwrebap medeniýet öýünde geçirlen bu bäsleşige etrabyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän eli çeper zenanlary gatnaşdylar. Olar bu ýerde özleriniň ussatlyklaryny görkezip, erkana Watanymyza, parahat durmuşymyza we saýlap alan hünärlerine bolan ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen joşgunly wasp etdiler hem-de halkymyza eşretli zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Bäsleşigiň ahyrynda tapawutlanan ýeňijilere Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Ýolöten etrap birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Dursun Ilbegiýewa.








