Ýakynda ýaşlaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmek hem-de çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmek maksady bilen Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4-12-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň Mary şäher tapgyry geçirildi.
Şäherdäki 3-nji orta mekdepde guralan bu bäsleşige zehinli okuwçylar gatnaşyp, olar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşini, parahatçylyksöýüjilik ýörelgeleri, döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri we ýetilen sepgitleri, hemişelik Bitaraplygymyzyň gazananlaryny, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny, ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper keşbini wasp edýän maketlerini, surat eserlerini we düzmelerini hödürlediler. Netijede ýörite düzülen emin agzalarynyň toparynyň adalatly baha bermeginde maket ýasamak boýunça şäherdäki 27-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ogulşat Hojaýewa 1-nji, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Tirkiş Täçmämmedow 2-nji, şäherdäki 5-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Gülnur Mergenowa 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň surat çekmek görnüşi boýunça şäherdäki 5-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Nuranaý Pälwanowa 1-nji, şäherdäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Leýli Amansähedowa 2-nji, şol mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Mahym Ýakubowa 3-nji orunlary eýelemegi başardylar. Şeýle-de, bäsleşigiň düzme ýazmak görnüşi boýunça şäherdäki 7-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Mähriban Azadyýewa 1-nji, şäherdäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Mähri Gurbannazarowa 2-nji, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Enejan Ýazdurdyýewa 3-nji orunlara mynasyp boldular. Mundan başga-da, höweslendiriji baýraklar hem berildi.
Ýeňiji bolan zehinli ýaşlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar we olara TMÝG-niň şäher geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Annagözel SARYÝEWA.








