Golaýda etrapdaky “Galkynyş” sport desgasynda TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda “Bagy-bossanlyga beslenýär Diýar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de işjeň agzalary, etrapdaky “Galkynyş” sport desgasynyň tälimçileridir türgenleri gatnaşdylar.
Çärede TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Mahym Hojagulyýewa, TAP-nyň etrap komitetiniň hünärmeni Kakageldi Rejepow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni Gülşat Töräýewa, etrapdaky “Galkynyş” sport desgasynyň direktory Çary Abdyrahmanow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda gözel Diýarymyzda ýaş nesillerimizde daşky gurşawa, tebigata bolan söýgini artdyrmagyň, ekologiýa medeniýetini kemala getirmegiň möhüm ähmiýete eýedigi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem çäräniň ahyrynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde birnäçe işleri durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Kerim ALTYÝEW.