Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklary Mary welaýatynda hem giň gerim alýar. Mary myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň guramaklarynda dabaraly maslahat geçirilip, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat Halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly mährem eneler, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. “Bagtyýar zamanamyzda belentde parlaýar Berkarar döwletimiziň tugy” ady bilen geçirilen bu maslahatda Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň hukuklaryny kepillendirmekde, milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň orny we ähmiýeti dogrusynda çykyşlar diňlenildi. Baýramçylyk maslahatyna gatnaşanlar il-ýurt bähbitli ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Dursun Ilbegiýewa.








