Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň ýene bir guwançly senesi — hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna taýýarlyk görýär. Bu senäniň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen halky özüniň eşretli ertirki gününi, döwletli döwranyny baky Bitaraplygymyz bilen aýrylmaz baglanyşdyrýar. Sebäbi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyz bu günki günde parahatçylygyň we asudalygyň, agzybirligiň we jebisligiň ýurdy hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyla golaý döwrüniň içinde ata Watanymyz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi.
Bilşimiz ýaly, ak şäherimiz Aşgabat sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etjek oňyn teklipler yglan edilip, olar dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Garaşsyz Türkmenistanymyzyň Bitaraplygynyň geçen 30 ýyla golaý döwründe ýurdumyzyň diňe bir daşary syýasatynda däl, eýsem, içeri syýasatynda-da, durmuş-ykdysady ösüşlerinde-de, medeni-ruhy gatnaşyklarynda-da beýik işler durmuşa geçirildi.
Ogulşeker DURDYÝEWA.