Gül-gülzarlyga beslenip gelen baharyň ilkinji günlerinde bellenilýän 8-nji mart Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp geçirilýän aýdym-sazly dabaralar Mary welaýatynyň çäginde hem giň gerim alýar. Murgap etrap häkimliginiň, Murgap etrap zenanlar bölüminiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Murgap etrap komitetiniň, Murgap etrap medeniýet bölüminiň hem-de Murgap etrap bilim bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda “Zenan-zemin lälesi” diýen at bilen geçirilen aýdym-sazly dabara hem turuwbaşdan uly şatlyk-şowhuna beslendi. Mährem eneleriň, dürli kärde zähmet çekýän işewür zenanlaryň gatnaşmaklarynda Murgap şäherçesiniň “Bagt öýi” toý mekanynda geçirilen bu baýramçylyk dabarasynda etrabyň medeniýet we sungat işgärleri, ussat aýdymçylary we tans toparlary uly joşgun bilen çykyş etdiler. Güler ýüzli zenanlary bir saçagyň başyna jemlän bu baýramçylyk dabarasynyň dowamynda belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda gülläp ösýän eziz Diýarymyz hem-de Hormatly Prezidentimiziň zenanlarmyz barada edýän ägirt uly aladalary we zeminiň lälesi, asmanyň aýy, durmuşyň güli hasaplanýan zenanlarymyz joşgun bilen wasp edildi. Baýramçylyk dabarasyndan göwünleri galkynan bagtyýar zenanlar özlerine döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly sözlerini aýtdylar.
Dursun Ilbegiýewa.








