“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ätiýaçlandyryş işiniň mundan beýläk hem özgerdilmegine, giňden ýaýbaňlandyrylmagyna, ätiýaçlandyryş işleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna, täzeçil çemeleşilmegine aýratyn üns berilýär. Ätiýaçlandyryş ýurduň ykdysadyýetiniň durnuklylygyny üpjün etmek bilen birlikde, fiziki we ýuridik şahslaryň ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly ýüze çykýan ýitgileriň öwezini dolmak, töwekgelçilikli ýagdaýlarda raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň welaýat, şäher we etrap guramalarynyň hemmesinde täze döwrebap "Flextra” programma üpjünçiligi ornaşdyryldy. Munuň özi maglumatlary alyşmaga giň mümkinçilikleri berýär. Şeýle programma üpjünçilikleriniň esasy aýratynlygy, olarda maglumatlaryň goraglylygynyň üpjün edilýändigindedir. Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy onlaýn usulynda ätiýaçlandyryş guramalarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygyny ýeňilleşdirýär. Bu programma üpjünçiliginiň girizilmegi bilen welaýat, şäher, etrap guramalarynyň arasynda elektron resminama dolanyşygynyň işi optiki-süýümli aragatnaşygyň üsti bilen ýerine ýetirilýär.
Ykdysady we durmuş taýdan barha kuwwatlanýan ýurdumyzda ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň mümkinçiliklerinden döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda peýdalanmaga giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Akjemal MEREDOWA.








