Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň ätiýaçlandyryş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzyň has-da asuda we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy bu ugurda raýatlaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň welaýat, şäher, etrap guramalaryna täze döwrebap enjamlara daýanýan programma üpjünçiligi ornaşdyryldy. Munuň özi, maglumatlary alyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle programma üpjünçiliginiň esasy aýratynlygy olarda maglumatlaryň goraglylygynyň üpjün edilýändigindedir. Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy onlaýn usulynda ätiýaçlandyryş guramalarynyň arasynda alyş-çalşygyny ýeňilleşdirýär. Programma üpjünçiliginiň girizilmegi bilen welaýat, şäher, etrap guramalarynyň arasynda elektron resminama dolanyşygynyň işi optiki-süýümli aragatnaşygyň üsti bilen ýerine ýetirilýär we şol arkaly wideoşekilli maslahatlar, okuwlar guralýar.
Häzirki wagtda ilata hödürlenilýän ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak, müşderilere amatly şertleri döretmek, baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamalarynyň töleglerini geçirmek üçin raýatlara Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň internet torundaky resmi saýtyny peýdalanmak arkaly, ätiýaçlandyryş gatanjynyň kesgitlenen töleglerini “Altyn asyr” plastik kartlary arkaly nagt däl görnüşinde tölemek mümkinçiligi döredildi.
Hormatly Prezidentimize Watanymyzy ykdysady ösüşiň täze derejelerine çykarmak, halkymyzy has-da bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrundaky tutumly işleriniň rowaçlanmagyny arzuw edýäris.
Arslan ORAZOW.








