Golaýda Türkmengala etrabynyň Kemine geňeşligindäki kitaphana şahamçasynda etrap medeniýet bölüminiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TAP-nyň etrap komitetiniň, Kemine geňeşligindäki medeniýet öýüniň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Asuda Watanda ýyllar ajaýyp” atly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, etrabyň kitaphanaçylary hem-de medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Bilbil Jumaýewa, TAP-nyň etrap komitetiniň işgäri Merjen Atajanowa, Türkmengala etrap medeniýet bölüminiň müdiri Mergen Jumaýew, etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Gülsenem Muhadowa, Kemine geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň müdiri Parahat Mämmedow, etrabyň medeniýet öýüniň işgärleri Nurtäç Annamuhamedowa, Dörtguly Gurbanow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda nygtadylar.
Enegül GULDURDYÝEWA.