Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygy parahat, asuda durmuşyň taglymaty bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasaty ählumumy howpsuzlygy pugtalandyryp, döwletleriň arasynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Onsoňam, bu syýasat içerki durnuklylyk we yzygiderli ösüş üçin amatly daşarky şertleriň döredilmegine mümkinçilik berdi.
Bitaraplyk döwletimiziň daşary syýasatynyň üýtgewsiz binýatlyk ýol-ýörelgesi bolmak bilen, döwletimiziň dürli halkara guramalary we ähli ýurtlar bilen köptaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmeginde netijeli esas bolup durýar. Geçen 30 ýyldan gowrak döwrüň içinde wagtyň synagyndan geçen Bitaraplyk taglymatymyz durmuş tejribesinde many-mazmun taýdan baýlaşdy. Bu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykyp, döwletimizi bütin dünýä parahatçylyksöýüjilikli döwlet, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanaýar. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parasatly daşary syýasaty ýurdumyzyň içeri syýasatynyň sazlaşykly dowamy bolmak bilen, Türkmenistan Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösüşine kuwwatly itergi berýär.
Şatlyk ATAÝEW.








