“Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Ýurdumyzda giňden bellenilýän Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda “Asuda asman, parahat ýurt bagtyýarlygyň girewi” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata ýaşuly nesliň wekilleri, etrabyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän bagtyýar raýatlary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatyň başynda çykyş edenler 1941-1945-nji ýyllardaky Watançylyk urşuna gatnaşyp, janyny orta goýup söweşen, gaýduwsyzlygyň we mertligiň beýik nusgasyny görkezen, uruş weteranlarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şeýle hem bütin türkmen halkymyzy Ýeňiş güni mynasybetli gutladylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gahryman gerçeklerimize goýýan belent hormat-sarpasy hem-de Beýik Watançylyk urşundaky Gahrymanlarynyň edermenlik ýolunyň ýaş nesli Watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusyndaky çykyşlaryň uly toplumy diňlenildi. ,,Türkmen halky Watany goran milli gahrymanlaryny hiç wagt unutmaz. Çünki olar algyr söweşlerde janyny orta goýup, mertlerçe söweşdiler ” diýip bu ýerdäki çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi. Şeýle hem maslahatda Watan mukaddesligi, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan rowaç işleri dogrusynda hem giňişleýin gürrüň edildi. Maslahatyň dowamynda welaýatyň medeniýet ussatlary özleriniň asuda watanymyzy, öz halkyny bagtyýar zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň rowaç işlerini, wasp edip ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary, bu ýere ýygnanlaryň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy.
Göwher Ataýewa








