Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi
weather mary 27° C Mary
weather mary 27° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

102 14.10.2024

2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda paýtagtymyzda Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Munuň özi Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy, gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm çäredir.

Foruma iki ýurduň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, iki tarapdan hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde obasenagat toplumyna möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunda pudagyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyna, oňa täzeçil tehnologiýalaryň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär.

Işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi bilen bir hatarda, özara tejribe alşylmagynyň wajypdygyna-da üns çekildi. Mongoliýanyň işewür düzümleriniň wekilleri iki ýurduň hususyýetçileriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ähmiýetini nygtadylar.

Ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Myhmanlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli iş alyp barmaklaryna gönükdirilen ygtybarly kanunçylyk binýadynyň oňyn täsirine ünsi çekdiler.

Häzirki döwürde daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegine we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýerli önümleriň möçberini artdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Foruma gatnaşyjylar ýokary tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary özleşdirmek üçin özara tejribe alyşmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Taraplar şu gezekki forumyň türkmen-mongol ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

7
7 27.08.2025
Möwsüme taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alyp berýän kuwwatly hem ýokary öndürjilikli oba hojalyk tehnikalary, gurallary Mary welaýatynyň ussat ekerançy daýhanlaryna ýylyň-ýylyna toprakdan bol hasyl ösdürmeklige giň ýardam berýär. Ýerleri geljek ýylyň bol hasylynyň mäkäm düýbüni tutmaklyga hemmetaraplaýyn göwnejaý taýýarlaýan welaýatyň ekerançylary şu günler bugdaý ekişinde işlediljek tehnikalarydyr gurallary hem möwsüme taýýarlamak işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ylmyň iň täze gazananlaryny oba hojalyk önümçiligine ornaşdyrmak baradaky gaýragoýulmasyz tabşyryklaryny işlerinde özlerine baş ýörelge edilýän Mary welaýatynyň gallaçy daýhanlary bereketli topragymyza daýhan yhlasyny siňdirip, bol hasyl öndürmegiň baý tejribesini topladylar. Olar “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň güýzünde geljek ýylyň hasyly üçin 170 müň gektar meýdana bugdaý ekmekligi aýdyň maksat edinýärler. Ekerançylar häzirki günlerde galla ekiljek meýdanlary sürüp, tekizläp, ekiş möwsümine agrotehnikanyň talaplaryna laýyk taýýarlaýarlar. “Maryobahyzmat” önümçilik birleşiginiň welaýatyň etraplaryndaky tehniki taýdan hyzmat ediş kärhanasynyň hünärmenleridir mehanizatorlary bolsa ekiş tehnikalaryny bugdaý ekişine taýýarlamak işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Ekerançylar şu ýylyň güýzünde bugdaý ekişinde GASPARDO kysymly ýokary tehnologiýaly ekiji gurallaryň iki ýüz ýetmiş birisini işletmekligi meýilleşdirýärler. Ekiji gurallar üçin gerekli ätiýaçlyk şaýlarynyň belli bir böleginiň welaýatdaky abatlaýyş kärhanalarynda öndürilmegi tehniki taýdan hyzmat ediş kärhanalarynyň işgärlerine ekiji gurallary bejerip, abatlap, möwsüme birkemsiz taýýar etmäge mümkinçilik berdi. Häzirki günlerde mehanizatorlar taýýar edilen ekiji gurallary ýene-de bir gezek pugta gözden geçirýärler. Ekiş tehnikasyny möwsüme taýýarlamak işleri welaýatyň Sakarçäge, Ýolöten, Garagum, Türkmengala etraplarynda has-da talabalaýyk guralypdyr. Daýhanlaryň hakyky daýanjy bolan oba hojalyk tehnikasynyň möwsüme birkemsiz taýýar edilmegi Mary welaýatynyň gallaçy daýhanlaryna bu möhüm agrotehniki çäräni öz wagtynda, ýokary hilli geçirmeklige mümkinçilik berer. Welaýatyň gallaçy daýhanlary özlerine toprakdan bol hasyl öndürmäge döredilýän giň şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Sapardurdy ÝAÝLYÝEW.

9
9 27.08.2025
Möhüm meselelere garaldy

Etrabymyzyň merkezi kitaphanasynda TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň we etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga atlary agzalan guramalaryň işgärleri, işjeň agzalary, merkezi kitaphananyň kitaphanaçylary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.  Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň işgäri Mahym Hojagulyýewa, merkezi kitaphananyň müdiri Selbinýaz Geldiýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Çynar Hoşgeldiýewa çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlary hakda edýän uly aladalary, jemgyýetimizde ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Barha golaý gelýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda durup geçdiler. Owadan ATDAÝEWA.

8
8 27.08.2025
Asuda Watanda ýyllar ajaýyp

Golaýda Türkmengala etrabynyň Kemine geňeşligindäki kitaphana şahamçasynda etrap medeniýet bölüminiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TAP-nyň etrap komitetiniň, Kemine geňeşligindäki medeniýet öýüniň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Asuda Watanda ýyllar ajaýyp” atly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, etrabyň kitaphanaçylary hem-de medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Bilbil Jumaýewa, TAP-nyň etrap komitetiniň işgäri Merjen Atajanowa, Türkmengala etrap medeniýet bölüminiň müdiri Mergen Jumaýew, etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Gülsenem Muhadowa, Kemine geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň müdiri Parahat Mämmedow, etrabyň medeniýet öýüniň işgärleri Nurtäç Annamuhamedowa, Dörtguly Gurbanow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda nygtadylar. Enegül GULDURDYÝEWA.

8
8 27.08.2025
Çagalar biziň geljegimizdir

Şeýle at bilen Murgap etrap medeniýet öýünde TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Melisiniň deputatlary, etrap halk maslahatynyň agzalary, syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, bilim, saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.  Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Gurbangül Mädenowa, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Oguljan Baýramgylyjowa, etrapdaky 3-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Güljan Esenowa çykyş etdiler. Çykyşlarda ýakynda Aşgabat şäherinde “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň geçirilendigi, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan çagalar hakynda aýratyn alada edilýändigi, körpe nesliň kämil ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda täsirli gürrüň edildi.  Laçyn RAHMANOWA.

19
19 27.08.2025
Giň mümkinçilikleri bolan çagalar bagy

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe asuda Watanymyzyň nurana gelejegi bolan bagtyýar körpeler hakdaky alada ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, bagtyýar körpeleriň ylymly-bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly çagalar bolup ýetişmekleri üçin dünýä ülňülerine gabat gelýän, giň mümkinçilikli döwrebap mekdeplerdir, çagalar baglary gurlup ulanylmaga berilýär. Dünýäniň soňky gazanan ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen şeýle çagalar bagynyň biri hem Mary welaýatynyň Murgap etrabynda ýerleşýän 6-njy çagalar bagydyr. Bu ýerde bagtyýar körpeleriň ýüzlerçesi, bilim işgärleriniň, tejribeli hünärmenleriň ýadawsyz päk zähmeti netijesinde ösüp kemala gelýär. Ähli amatlyklary döredilen bu çagalar bagynda okuw otaglary, sport hem-de aýdym-saz otaglary, ýatylýan otaglar ýaly birnäçe döwrebap otaglar hem bagtyýar körpeleriň ösüp kemala gelmegi üçin niýetlenendir. Çagalar baglarynda wagtlaryny hoş geçirýän bu körpeleriň arasynda yzygiderli aýdym-saz, tans, sport we surat çekmek ýaly birnäçe gyzykly bäsleşikler hem yzygiderli geçirilýär hem-de mekdebe çenli çagalaryň  okuwa taýýarlyk işleri hem gyzgalaňly alynyp barylýar.   Giň mümkinçilikleri bolan bu çagalar bagynda terbiýelenýän bagtyýar körpejeler özleri üçin atalyk aladalaryny edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Azat BEGLANOW.

17
17 26.08.2025
Balyklar  hakynda

 Treska, mintaý, kambala, hek we sudak ýagly däl balyklaryň görnüşi bolup, olar saglyk, esasan-da, sagdyn iýmitlenmek üçin örän peýdalydyrlar. Olaryň düzüminde ýagyň mukdary az bolup, olar beloklara, witaminlere, minerallara örän baýdyrlar.     Treska — beýleki balyklara garanyňda onuň eti ýumşak, düzüminde ýagyň mukdary az (0,4 göterime golaý). Ol beloga baý balyklaryň biridir. Mintaý — selene we fosfora baý bolan balyklaryň hatarynda bolmak bilen, onuň  düzüminde 1,6 göterim ýag bar.  Kambala — A, B, C, E witaminlerine, demire, margenese, we beýleki mikroelementlere örän baý.  Hek — beloga we peýdaly maddalara baý bolan bu balygy iýmek örän gowy. Sebäbi ol aňsatlyk bilen siňýär. Sudak — ak we ýumşak eti bolan bu balygyň düzüminde ýokumly maddalar örän köp. Düzüminde ýagy az bolan balyklar horlanmak hem-de bedeniň agramyny kadaly saklamak isleýänler üçin has-da möhümdir. Olaryň düzüminde belogyň köplügi ynsan saglygynyň berkemegine, witaminleriň we beloklaryň bolmagy beden agzalarynyň oňat işlemegine ýardam edýär. Şeýle-de, bu görnüşdäki balyklar sagdyn iýmitlenmek üçin örän gowy bolýar. Olar çagalar, gartaşan adamlar, göwreli zenanlar üçin hem örän peýdalydyr.  Taýýarlan Şanazar MEREDOW.

13
13 26.08.2025
Witaminlere  baý  iýmit

Bakja önümleriniň iň peýdalysy hasaplanylýan garpyzyň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri örän uludyr. Düzüminiň 90 göteriminden gowragy suwdan ybarat bolan garpyz teşneligi gandyrýandygy we ýeňil siňýändigi bilen tapawutlanýar. Garpyz öt we iç gatama keselleri, saçyň sagdyn ösmegi hem-de düşmezligi üçin hem peýdalydyr. Onuň düzümindäki magniý we kaliý gan basyşy kadalaşdyrmaga kömek edýär. Magniý garpyzyň düzümindäki iň gerekli elementleriň biri bolup, ol bedeniň holesterinden saplanmagyna ýardam edýär. Adam bedenine gerek bolan magniýniň möçberi üçin günüň dowamynda 150 gram garpyz iýmek maslahat berilýär.  Bulardan başga-da, garpyz derimize ýeterlik derejede çyglylyk berýär.  Çünki garpyzyň suwy deri öýjükleriniň täzelenmegini üpjün edýär. Garpyzyň peşew çykaryjy täsiri öňden bäri mälim bolup, ol halk lukmançylygynda bagyr we ýürek-damar ulgamynda näsazlyklaryň netijesinde ýüze çykýan keselleri bejerýär, böwrekdäki we peşewhaltadaky daşy çykarýar. Alymlaryň bellemegine görä, garpyzyň çigidi hem ynsan saglygy üçin peýdalydyr. Garpyz çigidi adamyň immuniteti we nerw ulgamy üçin möhüm ähmiýeti bolan B witaminler toparyny özünde jemleýär. Çigidiň bir gysymynda demriň 0,3 milligramy bar. Onuň 4 gramynda bolsa magniýniň 24 milligramy bolýar. Umuman, garpyz we onuň çigidi saglyk üçin örän ähmiýetlidir.  Oguljahan RAHMANOWA. 

15
15 26.08.2025
Akyl  dişi

Çaga wagtymyz ene-atamyz dişimiz gaçsa: “Sen indi ullakan adam. Ana, süýt dişiň gaçyp, deregine akyl dişiň çykyp ugrapdyr. Kim garagolluk etse dişi agyrak hem gowşak bolar. Kim akylly bolsa akyl dişi berk bolar” diýerdi. Biz dogrudanam, bezzatlygymyzy taşlap, uly adam bolmaga çalşardyk. Soň-soňlaram birden dişimiz agyraýsa: “Näme bezzatlyk etdikkäk?” diýip ünjä giderdik. “Etde göz agyrysy, süňkde diş agyrysy” diýlip dürs aýdylypdyr. Diş agyryly ukusyz geçirilen gijeler häzirlerem ýadyma düşse inim tikenekläberýär... ...Ýigrimi bäşden saýlanyp ugraňda bilmezlikden bir säwlik goýberseň ýaşulular: “Utanaňokmy, eňegiňe ata sakgaly, agzyňa akyl dişi çykypdyr” diýip, edep bererdiler. Men garrylardan alyn dişi, gyýak dişi, azy dişi, guzy dişi, süýt dişi, at dişi barada gürrüň baryny diňlesem-de, akyl dişi barada anyk maglumat alyp bilmändim. “Agtaran — tapar” diýleni. Ahyry garagumly bilim işgäri Baýram Agajanyň aýdany ýüregime jüňk boldy: “Akyl dişi adamyň akyly goýalyşyp ugranda,  diş hatarlarynyň gutarýan ýerinden ýokarda we aşakda sag-çep tarapdan iki diş agyrysyz çykýar eken. Garrylaryň gürrüňine görä, akyl dişli orta ýaşly ynsan goýraslanyp, agraslanyp, akyllanyp aýyl bolarmyş. Magtymguly atamyzyň dana setirlerinde: Jahyllykda öten işler geň görner, Kyrkdan aşyp, aýyl bolsa adamzat — diýip, dürs belleýşi ýaly, orta ýaşdan soň, saç-sakgala gyraw sepeläp, akyl dişi çykyp, adam üýtgeşiklik tapyberýär eken. Baýramguly ÇARYGULYÝEW.

17
17 26.08.2025
Iň  gymmatly  zat  näme? (Rowaýat)

Bir adamyň örän owadan, görmegeý, juda akylly, özem diýseň edenli gyzy bar eken. Oňa bir wagtda çopan ýigit, daýhan ýigit, alym ýigit hem-de serkerde ýigit sawçy gelipdir. Kakasy gyzyna: “Özüň saýla! Göwnüň haýsyny söýse, şoňa baraý!” diýipdir. Gyz: «Maňa dünýäde iň mukaddes zady sowgat eden ýigide barjak” diýip, bularyň öňünde şert goýupdyr.  Daýhan ýigit bir saçak çörek getirip: «Ak bugdaýdan bişirilen mele-myssyk çörekden mukaddes zat ýokdur” diýipdir. Çopan ýigit bir goýun getirip: “Hydyr gören mal, ýedi hazynanyň biri hasaplanylýan goýun janawar pirli maldyr” diýip aýdypdyr. Alym ýigit: “Iň mukaddes zat kitapdyr, ylymdyr” diýipdir. Şonda serkerde ýigit el ýaly mata düwlen bir gysym topragy görkezip: “Ynsan üçin iň gymmatly zat Watan topragydyr. Iň mukaddes iş bolsa Watan goragydyr” diýipdir. Gyz: “Ata Watan asuda, goragly bolmasa, saçagyň hem bol çörekli bolmaz, malyň — mülküň hem artmaz. Ylym ösmez, kitap hem okalmaz” diýip, serkerde ýigidi — Watan goragçysyny saýlapdyr. Meretgeldi ATABAÝEW.

9
9 27.08.2025
Möhüm meselelere garaldy

Etrabymyzyň merkezi kitaphanasynda TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň we etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga atlary agzalan guramalaryň işgärleri, işjeň agzalary, merkezi kitaphananyň kitaphanaçylary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.  Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň işgäri Mahym Hojagulyýewa, merkezi kitaphananyň müdiri Selbinýaz Geldiýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Çynar Hoşgeldiýewa çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlary hakda edýän uly aladalary, jemgyýetimizde ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Barha golaý gelýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda durup geçdiler. Owadan ATDAÝEWA.

8
8 27.08.2025
Asuda Watanda ýyllar ajaýyp

Golaýda Türkmengala etrabynyň Kemine geňeşligindäki kitaphana şahamçasynda etrap medeniýet bölüminiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TAP-nyň etrap komitetiniň, Kemine geňeşligindäki medeniýet öýüniň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Asuda Watanda ýyllar ajaýyp” atly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, etrabyň kitaphanaçylary hem-de medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Bilbil Jumaýewa, TAP-nyň etrap komitetiniň işgäri Merjen Atajanowa, Türkmengala etrap medeniýet bölüminiň müdiri Mergen Jumaýew, etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Gülsenem Muhadowa, Kemine geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň müdiri Parahat Mämmedow, etrabyň medeniýet öýüniň işgärleri Nurtäç Annamuhamedowa, Dörtguly Gurbanow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda nygtadylar. Enegül GULDURDYÝEWA.

19
19 25.08.2025
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Golaýda etrabymyzdaky 23-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanyp, “Döwletli başlangyçlar rowaçlygyň binýady” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy TMÝG-niň Garagum, Baýramaly etrap geňeşleri, etrap bilim bölümi bilelikde gurap, oňa atlary agzalan guramalaryň işgärleri, etrap halk maslahatynyň agzalary, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, bilim işgärleri we edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda etrapdaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Şirin Baýmyradowa, 23-nji orta mekdebiň müdiri, etrap halk maslahatynyň başlygy Agajan Kullaýew, TMÝG-niň Garagum etrap geňeşiniň işgäri Ogulbagt Amanmyradowa, TMÝG-niň Baýramaly etrap geňeşiniň bölüm müdiri Azat Muhyýew çykyş etdiler. Olar ýokarda ady agzalan halkara maslahatynyň jemleri, bu forumyň taryhy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly daşary syýasatynyň rowaçlanýandygy barada durup geçdiler. Gülnar GURBANMYRADOWA

16
16 25.08.2025
Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Golaýda Wekilbazar etrap bilim bölüminde TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda “Parahatçylygyň aýdyň ýoly” ady bilen dabaraly duşuşyk geçirildi. Duşuşyk ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmäge bagyşlanyldy. Oňa ýokarda ady agzalan syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Wepa Orazow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Dünýä Öwezowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Hajar Garryýewa, etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni Şaguly Öwezow çykyş etdiler. Çykyş edenler baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda şeýle wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmeginiň wajyp ähmiýetiniň bardygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejeli maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülendigi, ýurdumyzyň ählumumy abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygy dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.  Aýlar MYRADOWA

18
18 22.08.2025
Hyzmatdaşlyklar pugtalandyrylýar

 Ýakynda Ýolöten etrap häkimligi, etrap zenanlar guramasy, TMÝG-niň etrap geňeşi etrabyň Talhatanbaba oba medeniýet öýünde etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmaklarynda «Parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýoly» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.  Bu wagyz-nesihat duşuşygynda etrap häkimliginiň hünärmeni Dünýä Çaryýewa, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Toýly Anyşow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, etrabyň ýaşaýjysy Ýazgül Öwezowa çykyş etdiler. Çykyş edenler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň we ugurdaş çäreleriň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçendigi, dost-doganlygyň berkeýändigi, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada gürrüň etdiler. Ahmet NURJANOW.

28
28 22.08.2025
Ýaşlaryň arasynda maslahat duşuşygy geçirildi

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, toý baýramlara beslenýär. Üstümizdäki - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdymyzyň durnykly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowlandyrmak boýuça il-ýurt bähbitli tutumly işler durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini halk köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň “Türkmenistanyň Halk Maslahaty - Rowaç menzillere badalga” ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, Mary etrap we şäher Geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.  Şöhratly ata-babalarymyzyň milli ýörelgeleriniň dowamata atarylan täze taryhy eýýamynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge halk köpçüliginiň gatmaşmagyny üpjün etmekde halkymyzyň bähbitlerini goraýan ýokary wekilçilikli edaranyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny örän ulydyr. Şöhratly pederlerimiziň geňeş etmek, halka sala salmak ýaly asylly ýörelgeleriniň dabaralanýan ajaýyp döwründe alnyp barylýan il - ýurt bähbitli işler raýatlarymyzyň kalbynda çäksiz hoşallyk döredýär. Her ýylda uly ruhybelentlikde geçirilýän Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilmeginde uly many bar.  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşýanlaryň arasynda Ýaşlar guramasynyň agzalaryna giň orun berilmegi hem ýaşala uly ynam bildirilýändiginden nyşandyr diýip, çykyş edenler buýsanç bilen bellediler. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we onyň agzalary Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine häzirki wagtda işjeň taýýarkyk görýärler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň ak ýolundan aýdyň gelejege öňe alyp barýan Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.              Azat Beglanow.

25
25 22.08.2025
Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady.    Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda geçirilýän ýokary derejede duşuşyga gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna ugrady. Şeýle hem täze taryhy eýýamyň möhüm wakasyny özünde jemleýän syýasy çärä gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza sapar bilen geldiler. Bu halkara çäre sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny alamatlandyrdy.    Häzirki döwürde Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy syýasy-diplomatik ulgamda bolşy ýaly, beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa sebitde ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň baş şerti bolup durýar. Goňşy döwletleriň arasyndaky ýokary derejeli duşuşygyň Hazar deňziniň kenarynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýokary derejeli halkara çäreleriniň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrýar.

19
19 22.08.2025
Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.   Ikitaraplaýyn we iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklar dostlugyň berk binýadyna, ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan syýasy erke esaslanýar.    Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen bellenildi.

19
19 22.08.2025
Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew arasynda duşuşyk geçirildi.   Ikitaraplaýyn we iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde duşuşygyň dowamynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ulgamlaýyn we yzygider häsiýete eýe bolýandygy hem-de durnukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk derejesine çykýandygy bellenildi.   Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda taraplar däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

650
650 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

565
565 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

801
801 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

637
637 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

710
710 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

746
746 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

560
560 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

635
635 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.