Aşgabatda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi
weather mary 38° C Mary
weather mary 38° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Aşgabatda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi

90 16.01.2025

2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçy düzümi we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de ýerli we daşary ýurt KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaraly maslahat talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmegindäki «Türkmenistan – parahatçylygyň mekany» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açylyp, onda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk dörediji daşary syýasaty, sebitde we dünýäde durnukly ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna durmuşa geçirilýän beýik işler öz beýanyny tapdy.

Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratna, BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew, BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç çykyş etdiler. Maslahaty Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa alyp bardy.

Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşliginiň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlyklyk etmeginde 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisi geçirilip, onda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň guramaçylyk meselelerine, şeýle hem Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyny işläp düzmek barada BMG-niň düzüm birlikleri bilen geňeşmeleri geçirmek meselesine garaldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy häzirki zamanyň ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine, şeýle-de özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek baradaky ýurdumyzyň garaýyşlarynyň beýany bolan Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň üstünde aýratyn durup geçdi.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Şonuň bilen birlikde, möhüm şanly wakalaryň – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň utgaşyp gelmeginiň 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygy aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň bitarap, goşulyşmaýan we birleşmelere girmeýän ýurtlaryň, bar bolan hem-de ýüze çykyp biljek gapma-garşylyklary çözmegiň parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullaryna geçmek üçin şertleri döretmekde mümkinçiliklerini, tejribesini we ygtyýarlygyny birleşdirip, gapma-garşylyklara gatnaşmazlyk hem-de goşulyşmazlyk ýörelgelerine eýerýän ähli döwletleriň goldawyna garaşýandygy bellenildi.

Maslahata gatnaşyjylar ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň wajyplygyny biragyzdan bellediler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

0
0 03.07.2025
MEN SAŇA BIR ZAT AÝDAÝYN...

Men saňa bir zat aýdaýyn: Ozal aýdyp bilmänlerim. Berilmedik salam hatlaň, Içindäki gizlänlerim.   Men saňa bir zat aýdaýyn:  Mende ilki söýgüdiň sen. Geljegim hem arzuwymdyň, Iň bir tämiz duýgudyň sen.   Men saňa bir zat aýdaýyn:  Basyp bilmän ýygralygy. Açyp bilmän ýüregimi,  Kabul etdim aýralygy.   Men saňa bir zat aýdaýyn:  Bolsaňam sen özgäň bagty. Ýadygärlik suratyňy, Görýän şindem ýalňyz wagtym.   Men saňa bir zat aýdaýyn: Her işiň bar bolsa haýry. Belki, biziň haýrymyzdyr, Bu ömürde bolmak aýry. Merdan ABDYLLAÝEW.

0
0 03.07.2025
BUÝSANÇLY GOŞGY

Ir säher asmanyň asudalygny,  Ýüze, sylyp hem-de nurly güneşin. Şükür! Ýetdiň bu bagtly döwrana,  Eý, türkmenim, bagtyň nesip eýlesin,  Saýasynda Gahryman Arkadagyň, Penasynda Arkadagly Serdaryň.   Dünýäň çar künjünde ýaşyl Tugumyz, Buýsanç bilen şöhrat bilen parlaýar. Baýdagy golunda göterýän ýaşlar, Ýeňiş bilen Ýer şaryna aýlanýar, Saýasynda Gahryman Arkadagyň, Penasynda Arkadagly Serdaryň.   Asudalyk, agzybirlik, jebislik, Jem bolan ýerinde bagt oýanýar. Bu bagtdan paýly bolan milletim, Öz nurana geljegine buýsanýar,  Saýasynda Gahryman Arkadagyň,  Penasynda Arkadagly Serdaryň.

0
0 03.07.2025
ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARA ŞÖHRAT!

Türkmeniň şöhratyn dünýä çykarýan,  Arkadagly Gahryman Serdara şöhrat!  Ýeňişlerden ýeňişlere atarýan, Arkadagly Gahryman Serdara şöhrat!   Arkadag şäheri dünýä ýaň salýar,  Arkadagyň ady äleme dolýar, Türkmenim älemi haýrana goýýar,  Arkadagly Gahryman Serdara şöhrat!   Ýaňlanýar dünýäde Döwlet senamyz,  Asmanda parlaýar ýaşyl Tugumyz,  Sarsmaz döwlet, sensiň şirin janymyz,  Arkadagly Gahryman Serdara şöhrat!    Kalplar joşa gelýär, gezseň Diýary, Aýdym heňe gelýär alsaň dutary, Neneň wasp etmejek ajap zamany,  Arkadagly Gahryman Serdara şöhrat!   BAGT ŞÄHERIM, ARKADAG! Eýýamlaryň ak ýolunda görküň gülden görkana, Beýik döwrüň mukamyna garylýarsyň erkana, Hatar-hatar binalaryň ýalkym saçýar çarýana, Bagta barýan ak ýollarda, bagt şäherim, Arkadag!   Ak gül içre saýlanýarsyň, sen ýurduň genji-käni, Erem bagyn ýatladyp dur bu jennetiň mekany,  Arkadagyň bagt şäheri — ak daňlaryň atany,  Köňülleriň bossany sen, bagt şäherim, Arkadag!   Bilbilleriň saýraşyp dur aşyk bolup gülüne, Ýaş juwanlar toý toýlaýar, ak gül düşäp ýoluna, Bagşy joşup dessan aýdýar gözelligiň şanyna, Zamanamyň bahary sen, bagt şäherim, Arkadag!   Agşamlaryň Aýysyň sen, bagt şäherim, Arkadag! Döwrümiziň sazysyň sen, bagt şäherim, Arkadag! Gözel şähriň naýbaşy sen, bagt şäherim, Arkadag!  Ak säherim, ak baharym, bagt seresi, Arkadag! Nurgeldi SÖÝÜNOW.

0
0 03.07.2025
Giň mümkinçilikler döredilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini çalt depginlerde ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. Şeýle ösüşleriň depgini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da rowaçlanýar. Garaşsyz döwletimiziň halk hojalygynyň ösüş-özgerişli ýolunyň ilerlemeginde awtoulag ulgamyna möhüm orun degişli bolup durýar.  Bu ulgam üçin ýokary taýýarlykly sürüjileri ýetişdirmegem wajyp wezipe. Bu meseläniň oňyn çözgüdinde “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň welaýat şahamçasynyň işgärleriniň paýyna-da jogapkärli wezipe düşýär. Şahamçada sürüjileri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hereket edýän meýilnama esasynda alnyp barylýar. Bu şahamçanyň golaýda ulanylmaga berlen täze binasynyň okuw otaglary häzirki zaman elektron enjamlary, multimediýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde 300 okuwça bilim bermäge, sürüjilik hünärini öwretmäge giň mümkinçilik döredilipdir.  Ýene bir bellemeli zat bolsa, täze binanyň ýanynda döwrebap awtotürgenleşik meýdançasynyň gurlup, ulanylmaga berlenligidir. Meýdança öňdebaryjy elektron enjamlary bilen abzallaşdyrylypdyr. Şahamçanyň täze ymaratyny Marynyň demir-beton önümleri kärhanasynyň gurluşykçylary gurdular.  Açylyş dabarasynda şahamça hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy — täze okuw awtomobilleriniň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem dabarada binany guran öňdebaryjy gurluşykçylar gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldylar.  Aýdymçy-sazandalaryň, tansçylaryň şowhunly çykyşlary dabaranyň şatlyk-şagalaňyny artdyryp, ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.  Baýram AMANOW.

0
0 03.07.2025
Medeniýet hepdeliginden soňky oýlanmalar

Gadymy Ahal topragyny toý röwşüne beslän Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň döredijilik adamlaryny bir ýere jemledi. Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýedi günläp toý tutdy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşan Medeniýet hepdeliginiň dabarasy dünýä doldy. Kalby Watana bolan buýsançdan, söýgüden doly biz — ýaşlara hem şol toýa gatnaşmak bagty miýesser etdi. Bu gadymy topragyň gujagynda tutulan toý bagtyýarlygyň jarçysy bolup alyslara ýaň saldy. Doganlary, dostlary, halypa-şägirtleri, ýazyjy-şahyrlary bir saçagyň başyna jemlän bu toý köňüllere soňsuz ylham eçildi. Täze-täze tanyşlyklara, dostluga mümkinçilik döretdi. Ýurdumyzyň belli artistleriniň çykyşlaryna tomaşa edildi, ýazyjy-şahyrlaryň täze eserleri diňlenildi. Olara özara pikir alyşmaga, pikirlerini paýlaşmaga, dostlaşmaga şertler döredi. Medeniýet hepdeliginiň ýakymly ýatlamalary mähribanlyk bolup kalplara dolýar. Elbetde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Parahatçylyga we birek-birege ynanyşmaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlygynda özara medeni-ynsanperwer gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistan ýurdumyzda pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwer ýörelgeleriň, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň, milli medeniýetiniň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berilýär we medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde garalýar. Döwrebap teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýändiginiň subutnamasy bolup durýar.  Şükür bagşynyň sazynda, Magtymguly Pyragynyň sözünde arzuwlanan parahatçylyk bu günki gün ähli halklary birleşdirýär. Toý-baýram, aýdym-saz bolsa parahatçylygyň, erkanalygyň nyşanydyr. Haýsy ýurtda medeniýete, sungata sarpa goýulýan bolsa, şol ýurduň goýny toýdur, baýramdyr, ala ýazdyr.   Goý, gözel ülkämiziň toýlary toýlara ulaşsyn! Medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde we ony dünýä ýaýmakda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!   Köňül kelamyma ýazyldy adyň, Säherleň nurana, gijeleň aýdyň, Bu gün seň şanyňa ýazýaryn aýdym, Gujagyňda baky bagta ýetenim, Toýlaryň mübärek, eziz Watanym!   Asyrlar içinde birdir kökleri, Bir-birege ýakyn eýläp kalplary, Medenýetim birleşdirýär halklary, Gujagynda baky bagta ýetenim, Toýlaryň mübärek, eziz Watanym!  Aýparça AKYMOWA.

0
0 03.07.2025
Arhiw gullugy 100 ýaşady

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üstünliklere beslenip, il-ýurt bähbitli bu işlerde arhiw edaralarynyň işgärlerine hem jogapkärli wezipeler ynanylýar. Türkmenistan döwlerimiziň baky Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň toýlanylýan ýylynda Türkmenistanyň arhiw gullugynyň döredilmegine 100 ýyl dolýar. Bu taryhy döwrüň içinde arhiw ulgamynda köp sanly gymmatly resminamalar toplanyldy, olardan netijeli peýdalanyldy we peýdalanylýar.  Biziň welaýat döwlet arhiwimizde esasan hem Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasyny kagyz esasly resminamalarynyň doly toplumy bilen baýlaşdyrmak, döwlet arhiwinde arhiw resminamalarynyň saklanylmagy üçin oňaýly şertleri döretmek, olary abat saklamak, döwlet we pudaklaýyn arhiwlerde TMAG-nyň resminamalarynyň döwlet tarapyndan hasaba alnyşyny kämilleşdirmek bilen bagly degerli işler alnyp barylýar. Edaralaryň, guramalaryň pudaklaýyn arhiwleriniň iş dolandyrylyşynyň guralyşyny we ýagdaýyny gowulandyrmakda, arhiw resminamalaryndan hemmetaraplaýyn peýdalanmak boýunça işler alnyp barylýar. Biz jogapkärli işimiziň netijesiniň hemişe ýokary hilli bolmagy we işleriň raýatlar bilen sazlaşykly guralmagy ugrunda aladalanýarys. Ýüz tutmalar bilen iş alyp barylanda gelýän raýatlary güler ýüz bilen garşylap, olar bilen sowal-jogap alşylýar. Döwlet arhiwinde we ýerlerde arhiw resminamalary arkaly sergiler, gezelençler, okuw sapaklary yzygiderli geçirilýär.  Bize asuda durmuşda işlemäge, döretmäge giň mümkinçilik döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdarys. Gülşat ŞUKUROWA.

0
0 03.07.2025
Kärendeçiniň yhlasly zähmeti

Türkmengala etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň agzybir kärendeçileri toprakdan bol hasyl almak bilen oba hojalyk ulgamynyň ösmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar üstünliklere beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bereketli bugdaý hasylyny ýetişdirdiler. Şeýle-de, gowaçadan bol hasyl almak üçin pagtaçy kärendeçiler tutanýerlilik bilen zähmet çekýärler. Hojalyk boýunça 100-den gowrak kärendeçiniň eýelik etmeginde 963 gektar ýerde bol hasyl ugrunda aladalanylýar. Her bir kärendeçi gyzgalaňly dowam edýän möwsümleýin işleriň öz wagtynda kada görä ýerine ýetirmelidigine örän oňat düşünýär. Onuň netijesinde işler agrotehnikanyň talaplaryna görä guramaçylykly alnyp barylýar.  Daýhan birleşiginde öz başarnygy bilen tanalýan kärendeçilerden Çary Amanowy agzamak bolar. Onuň 17 gektar kärende ýeri bolup, maşgala agzalary bilen agzybirlikde işleýärler. Ol indi birnäçe ýyl bäri daýhançylyk bilen meşgullanyp, ekine ideg etmegiň abyny-tabyny alyp, hemişe gowy hasyl almagy başarýar. Tejribeli kärendeçi hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýunyň belleniljek ýylynda hem hasylynyň bereketli bolmagy ugrunda aladalanýar. Otag, ýekeleme, suw tutmak, iýmitlendirmek işlerini wagtly-wagtynda ýerine ýetirýän kärendeçiniň kadaly boý alýan hasylyndan göwni hoşal. Kärendeçi zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny, hojalygyň başlygy Guwanç Aşyrowyň we beýleki hünärmenleriň aralarynda bolup, gerek kömekleri dogrusynda gyzyklanýandyklaryny gürrüň berýär. Bagtyýar durmuşda ýaşamaga, halal zähmet çekip baýamaga ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini aýdýar. Biz hem öz gezegimizde rysgyny toprakdan gözläp, bereketli hasyl ugrunda aladalanýan tejribeli kärendeçi Çary Amanowa işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuwlaýarys.  Durdynabat BAÝRAMOWA.

0
0 03.07.2025
Bitaraplyk — abadan geljegimiz

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmekde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly gymmatly düşünjelerdir. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasaty dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýörelgesine eýerýändigi bilen adamzat jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti uludyr. Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanyna şan goşar. Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alyp öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär we içgin öwrenilýär. Mysal üçin, geçen ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamalaryň Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilmegi möhüm waka boldy. Munuň özi ýurt Baştutanymyzyň parasatly daşary syýasatynyň rowaç alyp, uly goldawa eýe bolýandygyna aýdyň subutnamadyr.  Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli, parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasat strategiýasy giň gerime eýe bolýar. Bütin dünýäde ählumumy howpsuzlygy berkidip, parahatçylykly gatnaşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Bu bolsa, durnukly ösüşi, abadançylygy, rahat durmuşy kepillendirýär. Laçyn KAKAJANOWA.

30
30 25.06.2025
Süýjülik  ekini  ekilýär

Gadymy Mary topragynyň hasyl ussatlary ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin uly goşant goşýarlar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary bilen täze hasyl üçin 17 müň 900 gektar meýdana gant şugundyryny ekmek boýunça şertnama baglaşyldy.  Welaýatymyzyň zähmetsöýer kärendeçileri bugdaýdan boşan meýdanlary arassalap, şüdügär sürümini geçirip, aralyk ekin hasaplanylýan gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirmegiň we goşmaça girdeji almagyň aladasy bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşan kärendeçiler tehnika, ýokary hilli tohum, mineral dökünler, ekinleriň kesellerine we zyýankeşlerine garşy himiki serişdeler bilen yzygider üpjün edilýär. Ekin meýdanlarynda işler meýilnama esasynda guramaçylykly geçirilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gant şugundyrynyň döküni, bejergini, suwy köp talap edýän ekindigine düşünýän kärendeçiler agrotehniki talaplara görä iş geçirýärler. Ekin meýdanlarynyň her gektarynyň girdejililigini artdyrmak, önüm öndürijileriň düşewündini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek biziň döwrümiziň wajyp wezipeleriniň biridir. Welaýatymyzyň kärendeçileri ak bugdaýyň, “ak altynyň”, gök-bakja, miwe önümleriniň datly hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň hakyky ussatlary. Esasy azyklyk ekin bolan gant şugundyryndan “Maryşeker” kärhanasynda senagat taýdan işlenilip, ilatyň gündelik iýmitleriniň biri bolan şeker öndürilýär. Bu aralyk ekin esasan galla hasylyndan boşan ýerlere ekilýär. Ýylyň dowamynda ýerden iki hasylyň alynmagy bolsa, her gektaryň düşewüntliligini artdyryp, daýhanyň der döküp çeken halal zähmetine görä girdejiniň bolmagyna şert döredýär. Daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen halal baýamagy üçin ähli tagallalary edýän, hemaýat-goldawlaryny gaýgyrmaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli durmuşa geçirýän tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Sähet HOJAGELDIÝEW.

0
0 03.07.2025
Bitaraplyk — abadan geljegimiz

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmekde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly gymmatly düşünjelerdir. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasaty dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýörelgesine eýerýändigi bilen adamzat jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti uludyr. Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanyna şan goşar. Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alyp öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär we içgin öwrenilýär. Mysal üçin, geçen ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamalaryň Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilmegi möhüm waka boldy. Munuň özi ýurt Baştutanymyzyň parasatly daşary syýasatynyň rowaç alyp, uly goldawa eýe bolýandygyna aýdyň subutnamadyr.  Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli, parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasat strategiýasy giň gerime eýe bolýar. Bütin dünýäde ählumumy howpsuzlygy berkidip, parahatçylykly gatnaşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Bu bolsa, durnukly ösüşi, abadançylygy, rahat durmuşy kepillendirýär. Laçyn KAKAJANOWA.

28
28 25.06.2025
Bagtly geljegimiziň kepili

Türkmen halky hormatly  Prezidentimiziň baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň ýene bir guwançly senesi — hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna taýýarlyk görýär. Bu senäniň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen halky özüniň eşretli ertirki gününi, döwletli döwranyny baky Bitaraplygymyz bilen aýrylmaz baglanyşdyrýar. Sebäbi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyz bu günki günde parahatçylygyň we asudalygyň, agzybirligiň we jebisligiň ýurdy hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyla golaý döwrüniň içinde ata Watanymyz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Bilşimiz ýaly, ak şäherimiz Aşgabat sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etjek oňyn teklipler yglan edilip, olar dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Garaşsyz Türkmenistanymyzyň Bitaraplygynyň geçen 30 ýyla golaý döwründe ýurdumyzyň diňe bir daşary syýasatynda däl, eýsem, içeri syýasatynda-da, durmuş-ykdysady ösüşlerinde-de, medeni-ruhy gatnaşyklarynda-da beýik işler durmuşa geçirildi.  Ogulşeker DURDYÝEWA.

27
27 25.06.2025
Maksatlaryň myrat bolýan Diýary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan Watanymyzy çalt depginlerde ösdürmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän   hormatly   Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda belent sepgitlere eýe bolunýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda uly işler bitirildi we bitirilýär. Ilatyň saglygyny goramakda alnyp barlýan işler hem giň gerime eýe boldy.  Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaşly döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işleriň bady artýar. Şeýle işlere mysal edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlanan Arkadag şäherini ýatlasak ýakymlydyr. Gojaman Köpetdagyň ajaýyp dag   eteginde gurlup, birinji tapgyrynyň gurluşyk-gurnama işleri tamamlanan Arkadag şäheri nusgalyk şäherdigi bilen  dünýä doldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda gurluşygyna girişilen bu örän iri taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2023-nji ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi taryhy waka boldy.  Gahryman Arkadagymyz bu döwrebap şäheriň gurluşygyny hemişe üns merkezinde saklap, bu döwletli iş üstünlikli dowam etdirilýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde, bu şäher  “akylly” şäher ady bilen meşhurlyga eýe boldy. Dogrusy, Arkadag şäheri maksatlaryň myrat bolýan jenneti mekanyna öwrüldi. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry güýçli depginde dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri  Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy netijesinde sanlyja ýyllarda kemala gelen bu döwrebap şäheriň  halkara sylaglarynyň ençemesine mynasyp bolmagy-da   Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň miwesidir. Türkmen halky ýokary zähmet üstünliklerine beslenip, şanly wakalary bilen şöhratlanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda tutanýerli zähmet çekýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ynamly gadamlar bilen aýdyň geljegine barýar. Baýram AMANOW.

28
28 25.06.2025
Işleri  ýokary  guramaçylyk  derejesinde  alyp  barmaly

23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ilki bilen welaýatlaryň häkimleri özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.  Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryny, galla kabul ediş kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek babatda zerur çäreler görülýär. Gant şugundyrynyň ekişi hem dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, galla oragynyň depgininiň güýçlendirilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet  Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, önümçilikde ýokary görkezijileri gazanmak üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi we wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, galla oragynyň talabalaýyk, guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragynyň batly depginde alnyp barylýandygyny nygtady we bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly     Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ýene-de bir gezek ünsi çekip, ekinlere ideg etmekden başlap, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işlerine çenli oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

29
29 23.06.2025
Maşgala mukaddesligi — milli terbiýäniň gönezligi

Golaýda Wekilbazar etrap medeniýet öýünde TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap polisiýa bölüminiň, etrap bilim bölüminiň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Maşgala mukaddesligi halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, etrap polisiýa, bilim bölümleriniň wekilleri, kitaphanaçylar gatnaşdylar.  Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TAP-nyň etrap komitetiniň hünärmeni Täzegül Gurdowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Hajar Garryýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgelerimiz, maşgala mukaddesligi, zenan mertebesi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Mähri ANNAÝEWA.

73
73 23.06.2025
Medeniýetiň we sungatyň beýik dabaralanmasy

22-nji iýunda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.  Şol gün irden 2025-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy mynasybetli «Türkmeniň ak öýi» binasyna Hökümet agzalary, Medeniýet ministrliginiň, ýurdumyzyň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet, sungat ussatlary, talyplar ýygnandylar. Giň gerimli çärä gatnaşyjylaryň hatarynda belli teatr artistleri, estrada we halk aýdymçylary, muzeý, kitaphana işgärleri, sazandalar, suratkeşler, ýazyjy-şahyrlar, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan döredijilik hem-de folklor-etnografik toparlar bar.  Asylly däbe görä, myhmanlar «Türkmeniň ak öýi» binasynda duz-çörek bilen garşylanyldy. Binanyň eýwanynda şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerini, ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalarynda saklanýan gymmatlyklary özünde jemleýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu eserler asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan özboluşly däp-dessurlarymyz, halkymyzyň baý medeni mirasy we sungaty barada gürrüň berýär. Bu ýerde ajaýyp halylar, keçeler, gobelen önümleri, senetçileriň eserleri, heýkeller, milli lybaslardyr matalar, nepis şaý-sepler, saz gurallary, adaty türkmen durmuşyna degişli esbaplar, surat eserleri, neşir önümleri görkezildi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.  Şol gün “Türkmeniň ak öýi” binasynyň sahnasynda sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň — dürli milli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň we meşhur aýdym-saz toparlarynyň konserti geçirildi. Joşgunly çykyşlar türkmen halkynyň baý mirasyny, sungat ussatlarynyň döredijilik ukyplaryny ýüze çykardy. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmek baradaky asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli tutumlary wasp edildi. Artistleriň çykyşlary Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleriniň esasy tapgyrlaryny görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.  Konsert tamamlanandan soňra, “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän desgasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna toý sadakasy berildi. Soňra çäreler dünýädäki ilkinji we ýeke-täk bugdaý muzeýi bolan Milli “Ak bugdaý” muzeýinde dowam etdi.  Soňra muzeý hünärmenleriniň «Halkymyzyň medeni mirasyny toplamakda, gorap saklamakda we olary ylmy esasda öwrenmekde muzeýleriň orny» atly okuw-usuly maslahaty geçirildi.  Maslahatyň dowamynda muzeý işini guramagyň usulyýetini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, diňe bir milli däl, eýsem, umumadamzat derejesinde-de uly ähmiýete eýe bolan maddy we ruhy gymmatlyklary öwrenmek meseleleri hakynda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Muzeý gymmatlyklaryny, sungat eserlerini, arheologik tapyndylary hasaba almak we saklamak, gadymy ýaraglary hasaba almagyň, goramagyň aýratynlyklary, muzeý gymmatlyklaryny ýerleşdirmegiň düzgünleri we tertibi, muzeý işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy baradaky çykyşlar diňlenildi.  Forumyň çäklerinde Kaka etrabynyň medeniýet öýünde Ahal welaýatynyň halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň döredijilik işgärleriniň usuly maslahaty geçirildi. Agşam Kaka etrabynyň halk teatrynyň «Şükür bagşy» atly sahna oýununyň görkezilişi boldy.  Dabaralar Änew şäherindäki medeniýet öýünde Ahal welaýatynyň ýörite sungat we çagalar sungat mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti bilen dowam etdi.  TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

87
87 19.06.2025
Dünýä ýaň salýan Bitaraplyk

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanylyp, «Dünýä ýaň salýan Bitaraplyk» ady bilen aýdym-sazly, dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi, ýurdumyzyň daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Bibihatyja HATAMOWA.

82
82 19.06.2025
Bitarapdyr Watanymyz — bagtyýardyr ilimiz

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat, TSTP-niň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Bitarapdyr Watanymyz — bagtyýardyr ilimiz” atly maslahat geçirildi. Oňa TDP-niň welaýat, TSTP-niň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow açdy we alyp bardy. Şeýle hem onda Garagum etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Şirin Baýmyradowa, “Maru — şahu jahan” gazetiniň uly habarçysy Aýparça Akymowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hünärmeni Yhlas Amanmyradow, Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Gülbahar Nazarowa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Murgap etrap şahamçasynyň ýolbaşçysy Sytdyh Rahmanow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň bize beren dost-doganlyk gatnaşyklary, ähli ulgamlarda gazanylan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzyň ösüş-özgerişleri, daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary, dünýäniň iň iri maýa goýum kompaniýalary bilen ylalaşyklary barasynda durup geçdiler. Şemşat SAÝLYÝEWA.

43
43 18.06.2025
Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ösdürilýär

17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Hormatly Prezidentimizi Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy. Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulag kerweni sammitiň geçirilýän ýerine — «Garaşsyzlyk» köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti   Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, wekiliýet Baştutanlary köşgüň mejlisler zalyna barýarlar. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti  Sadyr  Žaparow,  Täjigistan   Respublikasynyň    Prezidenti  Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat   Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, syýasy dialogy giňeltmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ulag, energetika, innowasiýalar ulgamlarynda özara hereketler bilen bagly meseleler girizildi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew sammite gatnaşyjylary mübärekläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşýandyklary hem-de sebit hyzmatdaşlygyny yzygiderli goldaýandyklary üçin döwletleriň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasyndaky ynanyşykly gatnaşyklaryň, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga, birek-birege goldaw bermäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasynyň kemala gelendigini aýtdy. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi. Sammitde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň çykyşy üns bilen diňlenildi. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çuň manyly çykyşy hem-de beýan eden teklipleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Sammite gatnaşyjylar sebitde energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň, energetika çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Ulag-kommunikasiýa hem sebitde çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa Ýewropanyň we Aziýanyň iri sebitlerini birleşdirýän esasy logistika merkezine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, transmilli ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmagyň, sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi.              Sammite gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň taraplaryň hoşniýetli goňşuçylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini görkezendigini bellediler hem-de beýan edilen teklipdir başlangyçlaryň hemişelik dostluk we strategik hyzmatdaşlyk üçin berk esas boljakdygyna ynam bildirdiler. Sammitiň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama; «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň Astana Jarnamasyna gol çekildi, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde raýatlaryň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi. Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soňra, «Merkezi  Aziýa — Hytaý» görnüşindäki hyzmatdaşlyk merkezleriniň açylýandygy yglan edildi we bu barada wideoşekiller görkezildi. Şeýle-de, sammitiň çäklerinde Ahal welaýatynyň häkimligi (Türkmenistan) bilen Şensi welaýatynyň halk hökümetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Ahal  welaýaty bilen Şensi welaýatynyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk yglan edildi. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny tamamlap, Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden  Watanymyza ugrady. Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.

466
466 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

392
392 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

518
518 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

447
447 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

418
418 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

536
536 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

367
367 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

390
390 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.