Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça asylly däbi dowam etdirmek bilen bu ýyly hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, maslahat-duşuşyklary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Mary welaýatymyzda hem yzygiderli geçirilýär. Şeýle dabaralaryň biri hem Ýolöten etrap medeniýet merkezinde Ýolöten etrap häkimliginiň we Ýolöten etrap medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamagynda “Alkyş size,şöhrat size Arkadagly Gahryman Serdarymyz” ady bilen geçirildi. Dabara hormatly il ýaşulylar, kümüş saçly mährem enelerimiz we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary hem gatnaşdylar. Dabara gatnaşanlar Watanmyzyň ösüşlerini wasp edýän göwün joşduryjy aýdym-sazlara tomaşa etdiler. Dabara gatnaşyjylar eziz türkmen halkyny baky bagtyýarlykda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Maýa Annameredowa.








