Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işleriň bady artýar. Dürli maksatly binalardyr desgalar bilen birlikde demir we gara ýollaryň, köprüleriň gurluşygy hem giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.
Muňa şu gün hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň üçünji tapgyrynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem doly şaýatlyk edýär. Ozal bu ýokary tizlikli awtobomil ýolunyň Aşgabat — Tejen we Tejen — Mary bölekleri ulanmaga berlipdi. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi bilen umumy uzynlygy 600 kilometre deň boldy. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň merkezi şäheri bilen döwletimiziň gündogar sebitleriniň arasyndaky ýük we ýolagçy gatnawlarynyň tizligini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açar. Ýoluň gatnaw böleginiň ini 34,5 metr bolmak bilen, her tarapda üç sany gatnaw zolagy bar. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrundaky düzümleýin desgalar sürüjilerdir ýolagçylara zerur amatlyklary döreder.
Ýoluň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň milli ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde we ulag-üstaşyr kuwwatyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň üçünji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi şanly ýylymyzyň taryhy wakalarynyň biri boldy.
Baýram AMANOW.








