Ýurdumyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak asylly däbe öwrülişi ýaly, täze başlan 2026-njy ýyl hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýip atlandyrylmagy mynasybetli geçirilýän maslahatlardyr, dabaralar giň gerime eýe bolup, şeýle dabaraly maslahatlaryň biri hem Wekilbazar etrap medeniýet öýünde Wekilbazar etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Wekilbazar etrap komitetiniň, Wekilbazar etrap zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamagynda geçirildi. Ýylyň şanly şygaryna bagyşlanyp geçirilen bu aýdym-sazly dabara il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Wekilbazar etrap komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary, etrabyň saglyk, medeniýet we bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler ýylyň şanly şygarynyň we nyşanynyň ähmiýeti, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda hem türkmen atlarynyň uly orny eýeländigi, onuň bütin dünýäde şan-şöhraty, meşhurlygy dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Maslahatyň dowamy aýdym-sazlara utgaşyp, onda ýylyň şanly şygaryna bagyşlanan, asuda, abadan Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň röwşen gelejegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşly sözlerini beýan etdiler.
Maýa Annameredowa.








