Mary welaýat kitaphanasy bilen Mary Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopediýasynyň 17-nji jiltiniň hem-de “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Onda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ atly ensiklopediýasynda giňden beýan edilen ot-çöpleriň dermanlyk häsiýeti, adamlarda gabat gelýän dürli dertleri bejermekdäki ähmiýeti dogrusynda hem-de türkmen topragynda ýetişdirilýän ir-iýmişlerden we dermanlyk ösümliklerden melhemleriň taýýarlanylyşy barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynda ýurdumyzyň saglyk ulgamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda häzirki wagta çenli alyp barylan we ýene geljekde edilmeli işler dogrusynda giňişleýin beýan edilendigi barada hem gürrüň etdiler we Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän bu ylmy eserleriň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin uly gollanma boljakdygyny buýsanç bilen bellediler. Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler şeýle ajaýyp kitaplary halkymyza peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözleri aýtdylar.
Altynaý Seýitberdiýewa.








